AÝDYMLARYM SENIŇKI

Ykbalyma galam berdi Ýaradan,
Oň jebri-jepasy agdyrdy eňki.
Tüm gijeler bagrym ezip döreden,
Eziz Watan,
Aýdymlarym seniňki.

Mukamyňa on iki süňňüm gowşady,
Pikir hyýalymam däl indi öňki.
Ýaşyl geýen ýazlaryňa bagş eden,
Eziz Watan,
Aýdymlarym seniňki.

Bitarap sen, Berkarar sen,
Bagtly sen,
Muňa şaýat bu zeminiň dört çüňki.
Mähir beren gujagyňda bagtly men,
Eziz Watan,
Aýdymlarym seniňki.

Habar alan halsyzlaryň halyndan,
Hem solan güllere bagş eden reňki.
Betpäli gaýtaran ýaman pälinden,
Eziz Watan,
Aýdymlarym seniňki.

Kalba azar berýän, bilmedim neden,
Ýazanu-ýazmadyk, öňküdir soňky.
Meniň bar baýlygym işbu dünýede,
Eziz Watan,
Aýdymlarym seniňki.

ŞÄHRIBOSSAN

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s