DARLYK

Biz bu derdi gaýtalaýas müň gezek,
Ony ýene gaýtalarys bir meýdan.
Balyk diýilene bir umman gerek,
Adam diýilene bir giden meýdan.

Jeňňel bolsun şir-peleňler mesgeni,
Durna erkin bolsun gökde hem ýerde.
Düşünýärin, bu köpleriň islegi,
Şu oý köp adamy goýýandyr derde.

Balyklary jenaýatkär mysaly,
Zyndan kimin dar kapasa sokýarys,
Uly sirkde ýüzün sallan, mysapyr
duran şir-peleňe takal okýarys.

Gökde peýwagtyna ýören durnalar
ýeriň duzagyna düşýär-de, ine
Em bolýar şäherli çaga-çugalaň
ruhuna ýetmeýan uly derdine.

Bir tarapda durna — ganaty bagly,
Peleň dur — demire gaýraty bagly.
Ortada Adam dur. Öňünde balyk,
Darlyk…

GURBANNAZAR EZIZOW

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s