GADYRLY MYHMAN

Pygamberimiz (s.a.w.) sahabalary bilen Uhud saparyna barýarka, ýol ugrunda çagajyklaryny emdirip duran bir pişige gabat gelýärler. Serwerimiz (s.a.w.) dessine goşunyň ugruny üýtgedýär. Pişigi biynjalyk etmesinler diýibem başynda nobatçy goýýar. Soňra nobatçydan ol pişigi sorap alýar-da, oňa eýeçilik edýär. Adyna-da “Müezza” goýýar. Ol, belkem, köçede gezip ýören bir pişikdi, Serwerimiziň (s.a.w.) eýe çykmagy bilen çölüň gyzgyn howrundan halas bolupdy.
Müezza bir gün Serwerimiziň (s.a.w.) donunyň üstünde uklap galýar. Pygamberimiz bir ýere gitmeli bolup, ýerinden turmakçy bolýar, emma gönümel turup gitmeýär-de, pişigi oýarmazlyk üçin onuň ýatanja ýerini kesip aýyrýar.
Başga bir günem suw gaplarynyň birinden täret kylmakçy bolanda, sahabalary: “Ýa Resulallah, ondan pişik suw içdi” diýýärler. Pygamberimiz şonda olara: “Olar iň tämiz agzyň eýesidirler” diýip jogap berýär.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s