SEBET KIMIŇKI

Gadymy Hytaý ýurdunda bir wagtlar iki sany söwdagär döwrüň adalatly häkimleriniň biriniň huzuryna barýarlar. Çaý ýagyny satyp ýören biri, bürünç satýan beýlekisinden bir ölçeg sebedi talap edýärdi.
– Ol sebedi men oňa näçe aý mundan öň amanat beripdim. Indi ony yzyna soraýan welin, berenok – diýip, ony häkime şikaýat edýär.
Bürünç satýan söwdagär bolsa:
– Ýalan sözleme! – diýýär, – Sebedi meniň dükanymda birinji gezek gördi. Ony özüm satyn alypdym. Şondan bärem dükanymda dur.
Şeýdip söwdagärleriň ikisem öz diýenini tutduryp durdy. Ahyry häkim:
– Ikiňize-de plan zat diýip biljek däl. Hany, birem, şu sebediň özünden sorap göreliň, ol näme diýerkä? – diýýär.
Kömekçisi sebedi alyp ýere goýýar. Häkim çynlakaý äheňe girip:
– Eý, sebet, – diýýär, – Hany aýtsana, sen kimiň sebedi?
Esli wagtlap sebetden ses çykmansoň häkim:
– Jogap bermeseň, seni bambuk taýagy bilen ýençdirerin – diýip, oňa haýbat atýar.
Sebetden ýene ses çykmansoň, başga bir kömekçisini çagyrýar-da bambuk taýagy bilen sebede ýigrimi bäş taýak urdurýar. Häkim baryp, sebedi bir gyra süýşürýär-de, dyzyna çöküp, onuň duran ýerini gözden geçirýär.
Soňra bolsa ýerine dolanýar-da:
– Sebedi çaý ýagyny satýana gaýtaryp beriň – diýýär. – Onuň hak eýesi şol. Bürünç satýana-da elli taýak uruň.
Häkim ýerde bürünç dänelerinden başga-da, çaý agajynyň maýdajyk tohumlaryny tapypdy.

(Wil Bernard)

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s