HAKYKY GARYPLYK WE HAKYKY BAÝLYK

Günlerde bir gün baý adam ogluny oba gezelenje alyp gidýär. Baýyň bu gezelençden maksady, ogluna adamlaryň nähili ýaşaýandygyny görkezip, özlerindäki maddy baýlygyň gadyryny has gowy bildirmek eken.
Olar güzeranyny zordan aýlaýan garyp garyndaşlarynyň öýünde bir günläp myhman bolýarlar. Myhmançylykdan dolanyp gelýärkäler, kakasy ogluna:
– Oglum, bu gezelençden soň adamlaryň nähili garyp ýaşaýandygyna göz ýetirensiň. Hany, indi sen maňa biziň baýlygymyz bilen olaryň garyplyklaryny deňeşdirip ber! – diýýär.
Ogly hem kakasyna düýnden bäri özünde uly täsir galdyran haýranlyklary gürrüň bermäge başlaýar:
– Kaka, biziň bir sany pişigimiz bar, olaryňky bolsa sanap ýetişerdenem köp ekeni. Biziň öýümizde uly bir howzumyz bar, olaryň bolsa içi balykdan doly, aňyrsy-bärsi görünmeýän ýaplary bar. Biziň howlymyzy ýagtyldyp duran uly çyralarymyz bar, olaryň bolsa sansyz ýyldyzlary bar. Biziň görşümiziň çägi haýatymyza çenli, olar bolsa bütin asmanyň ýüzüni görýärler.
Ogly haýran galmakdan ýaňa doňup galan kakasynyň gözüne bakyp, çalaja ýylgyrýar-da şeýle diýýär:
Nähili garypdygymyza göz ýetirmegime kömek edeniň üçin sag bol, kaka!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s