«Munuň hem sebäbi garrylyk»

Ýaşuly adam sagaldyş öýüne barýar. Lukmana dertlerini sanap ugraýar:
Lukman oglum! Soňky günlerde ysgynym kem, tiz ýadaýan. Munuň sebäbi nämekä?
Lukman hiç hili ikirjeňlenmezden jogap berýär:
Garrylyk, ýaşuly!
Üstesine-de halys üşegen bolupdyryn.
Munuňam sebäbi garrylyk.
Onsoňam ýygy-ýygy üsgürýärin.
Munuňam sebäbi garrylyk.
Kellämiň agyrysyndan ýaňa, eddil şü bar-a, gulagymyň içinde degirmen işleýän ýaly, ýöne güwläp dur.
Munuňam sebäbi garrylyk.
Ýaşuly ahyrynda gaharyna bäs gelip bilmän ýarylýar:
A-how, nähili lukman sen?! Näme diýsem, «garrylyk» diýip dursuň-la?!
Şonda lukman adaty durkuny ýitirmän:
Bagyşlaň welin, ýaşuly, siziň şu gaharyňyzyň hem sebäbi garrylyk – diýýär.
Häzirki döwürde diňe biziň milletimiziň däl, eýsem bütin adamzadyň ýolugan keseliniň ady «iman ejizligidir», başga zat däldir. Hawa, imansyzlyk we ahlaksyzlyk adamzadyň uçran iň agyr derdidir.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s