Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda raýatlyk urşunyň başlan ýyly prezident Linkoln Waşingtondaky uly kiliseleriň birine barýar. Kilisäniň ruhanysy çynlakaý äheňde prezidente şeýle diýip ýüzlenýär: «Jenap prezident! Bu kyn göreşde Allanyň biziň tarapymyzda bolmagyny diläp doga edeliň!». Şonda hökümet baştutany agraslyk bilen şeýle diýýär: «Allatagalanyň hakyň tarapyndadygyna hiç hili şübhäm ýok. Esasy zat, meniň we milletimiň Hakyň tarapyndadygy ýa-da däldigi. Ine, men şunuň aladasyny edýärin we gije-gündiz şony diläp, doga edýärin!»
Adam öz kalbynda Allatagala orun berşine seredip, aňsatlyk bilen özüniň Allanyň ýanyndaky derejesini kesgitläp biler. Hawa, iň esasy zat hem, ynsanyň Allatagalanyň ýanyndaky gymmatydyr.
