Halypa şägirdini bir ýumuş bilen öýüne ýollaýar:
– Oglum, öýe bar-da, meniň otagymdaky tekjede duran çüýşäni alyp gaýt!
Ýaş ýigit halypasynyň öýüne barýar. Onuň diýýän tekjesini tapýar. Ýöne onuň gözi çaşy bolansoň, tekjäniň üstünde duran bir çüýşe oňa iki bolup görünýär. Şol sebäpli ol çüýşäni alman, halypasynyň ýanyna dolanyp gelýär. Oňa ýüzlenip:
– Halypa, siziň diýýän ýeriňizde iki sany çüýşe duran ekeni. Olaryň haýsysyny aljagymy bilmän, şony anyklaýyn diýip gaýdyberdim – diýýär. Halypasy:
– Oglum, sen ýalňyşýaň. Tekjede iki däl, bir çüýşe bolmaly. Diýleni edip, şony alyp gaýdybermeli ekeniň-dä – diýip, şägirdine biraz igenýär. Şägirt bolsa, oňa garşy çykýar:
– Halypa, maňa ýerliksiz igenýäňiz. Şol ýerde-hä iki çüýşe dur. Haýsy birini getirmeli bolsa aýdyň, menem şony getireýin – diýýär. Halypasy hernäçe janyny ýakyp düşündirse-de, şägirt öz eňegine tutýar. Ahyry bolmansoň halypasy oňa çüýşeleriň ikisinem alyp gelmegi tabşyrýar. Şägirt çüýşeleriň birini gaçyryp kül-uşak edýär welin, beýleki çüýşe hem ýitirim bolýar duruberýär. Ol şondan soňra nämäniň nämedigine düşünip galýar.
* * *
Inkär etmeklige sebäp hökmünde diňe bisowatlygy görkezmek dogry däldir. Eýsem şonuň sebäpleriň biri hem keçjallykdyr. Şonuň üçin keçjallyga alyp barýan jedelden uzak durulmaly. Çünki jedel adamyň dogryny keçjallyk bilen inkär etmegine sebäp bolýar. Seýýidimiz Muhammet (aleýhyssalatu wessalam) bu barada «Mamla hem bolsa, jedeli terk etmeýän kişi kämil mümin däldir» diýýär. Hawa, ynsanlar tarapgöýlükden, keçjallykdan, ýowuzlykdan, höwes-islegden ötri çaşy bolýarlar. Haky, hakykaty bolşy ýaly görüp bilmeýärler.
