DEM SALYM

Şeýtan hyzmatçynyň eşigine dulanyp, Jüneýdi Bagdady hezretleriniň ýanyna ýigrimi ýyl gatnaýar. Näçe synanyşsa-da onuň ýüregine betgüman pikirleri oklamagy başarmaýar. Oňa aýdanyny etdirip bilmeýär. Günleriň birinde şeýtan ondan:
– Halypa! Ýogsamam, sen meniň kimdigimi öňden hem bilýämidiň? – diýip soraýar. Jüneýdi hezretleri:
– Sen lagnaty şeýtan, elbetde, bilýädim. Özem ilki gelen pursatyň aňdym – diýýär. Şeýtan:
– Eý, alymlaryň soltany! Elhepus, siziň derejäňize ýeten başga barmyka beri?! Laýyk ýigrimi ýyl boldy, sizi ýoldan çykarmak üçin eden ähli pyrryldygym başa barmady – diýýär. Jüneýdi Bagdady gaharlanyp:
– Güm bol, şeýtan! Indem meni götergiläp, «men-menlik» belasyna ýolukdyryp, heläklejek bolýamyň? Ýigrimi ýylda başarmadygyňy dem salyma sygdyrjak bolýamyň?! Ýitirim bol hany şü ýerden – diýip, şeýtany gümüne kowup goýberýär.

* * *
Hawa, adam öwginiň öňünde ejizleýär, ony götergileseň temegini göge dikiberýär. Bu duzaga düşýän, aňrybaş bisowat, etmişli, ýöne özüni alymdyryn, keramaty zor kişidirin öýdüp, yslama zyýan beren nijeme kişini tanaýarys. Döwrümiziň iň howply belalarynyň biri hem şu bolsa gerek.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s