BEDEN AGZALARYNYŇ DAWASY

Bir gün beden agzalarynyň ýygnagy geçirilýär. Ýygnakda olaryň hemmesi jem bolup, aşgazanyň üstünden düşýärler. Olar halys aşagazanyň guluna öwrülendiklerini, onuň hiç zat etmän bikär oturýandygyny, özleri bolmasa aşagazanyň bitirýän goşunyň ýokdugyny aýdyp, uly goh turuzýarlar. Göz bir ýandan: «Mundan soňra zat saýlap-seçmämi goýjak» diýip gygyrýan bolsa, el başga bir ýandan: «Hiç zat etmän, elimi gowşuryp oturjak» diýip hemle atýar. Agyz hem öz gezeginde: «Agzyma hiç zat aljak däl» diýýän bolsa, diş hem ondan kem galman: «Mundan soňra bir zat çeýnedibilseň çeýnet hany» diýip gygyrýar. Bir ýerlerdenem aýak orta çykýar-da: «Aşgazan üçin bir ädimem ätjek däl» diýip haýbat atýar. Ýygnak «Mundan beýläk aşgazanyň hasabyna işlemegi bes etmeli» diýen karar bilen jemlenýär.
Olar diýişleri ýaly hem edýärler. Ýöne kän wagt geçip-geçmänkä, gözüň öňi garaňkyramaga, eller titremäge, agyz gurap kepemäge, dişler dökülmäge, aýaklar saňňyldamaga başlaýar. Görüp otursalar, aşgazanyň ýaşaýşynyň olara bagly bolşy ýaly, olaryň hem ýaşaýşy aşgazana garaşly eken. Şondan soňra olar bedeni emele getirýän her bir agzanyň biri-biri üçin derkardygyna, biri-birinden garaşsyz ýaşaýyşlarynyň dowam etmejekdigine göz ýetirýärler. Diýmek, olaryň her biri beýleki biri üçin möhüm bolup durýan ekeni, islendik agza öz işini etmedik ýagdaýynda onuň ýoklugy dessine beýlekilere bildirýän ekeni.
* * *

Milletler, hatda adamzat tutuş bir bedendir. Adamlar, jemgyýetler, guramalar şol bedeniň agzalarydyr. Bedeniň sagdynlygy we kämilleşmegi her kimiň öz borjuny ýerine ýetirmegine baglydyr. Ýogsam, ynjalyksyzlyk, hapaçylyk, ýykgynçylyk, eden-etdilik, yza gaýdyşlyk başlanar. Hiç kimiň ýagdaýy öwerlik bolmaz. Hiç kim ýekelikde hakyky bagta ýetip bilmez.