TAGT

Behlul dana hezretleri bir gezek Harun Reşid ýokka, az salym hem bolsa onuň kürsüsine – tagtyna geçip oturýar. Muny gören nobatçylar Behlul danany gowuja ýençýärler. Harun Reşid tagtly eýwana dolanyp gelse, Behlul dana hezretleri hapa bolup otyr eken. Harun Reşid munuň sebäbini soraýar. Behlul dana:
Şu tagtyňa geçip, az salymlyk oturanym üçin şunçarak taýak iýdim. Sen bolsa bu tagtda oturyp, esli ýyldan bäri soltanlyk edýärsiň. Mundan ötri seniň görjek görgiňi göz öňüne getirmek mümkin däl. Ine, şonuň üçin hapa bolup otyryn – diýip jogap berýär.
* * *

Hawa, adam ömri boýunça özüne berlen her bir nygmat babatynda Allanyň öňünde hasap berer. Ýöne şahsy hasap başgadyr, halk köpçüligine dahylly hasap bir başgadyr. Şol sebäpli hem, owaly bilen dört halyf, soňra bolsa adamzadyň bütin ägirtleri köpçülige dahylly wezipelerde işlemek ýaly uly jogapkärçiligi öz üstüne almakdan çekinipdirler, hatda ondan gaçypdyrlar. Ine, Behlul dana hezretleri şu hakykaty örän parasatlylyk bilen ders berýär.