Çagry begiň uly ogly Süleýman hol aňyrdan ylgap gygyryp gelşine, täze habaryny buşlaýar:
– Kaka-a-a! Kaka-a-a! Göbegenem: «Çagry beg derrew öýe gelsin. Gün ýaşyp barýarka doglan goç ýigidini görsün» diýýär.
Bu habara depesi göge ýeten Çagry beg öýüne gaýtmak bilen boldy. Göbegene çadyra tarap begençli dabara bilen ýöräp gelýän begi ýylgyryp garşy aldy:
– Gözüň aýdyň, begim! Goç ogluňyz boldy – diýip, bäbejigi ýüň ýapynja dolap, Çagry begiň gujagyna berdi.
Çagry beg ogluny bagryna basyp durşuna Alla çäksiz şükür etdi. Kemerine gysdyrylgy içi altyn teňňeli haltajygy göbek enäniň eline tutdurdy. Soňam mähir bilen gelnine garady:
– Gutly bolsun Aýjan hatyn! Alla seni öz penasynda saklasyn! Aýt, näme islegiň bar? Eý, meniň gerçek ogullarymyň ejesi! Sen Çagry bege, hatda seljukogullaryna ýigitler ýigidini sowgat etdiň!
Aýjan hatyn Çagry bege buýsanç bilen garady:
– Alladan dilegim, oglumyz il adamsy bolgaý!
Çagry beg çadyrdan çykyp barýarka, Gumral enäniň ýumuş buýurýan sesi ýaňlanýardy:
– Eý, halaýyk! Her kim çagasyny alyp, toýa gelsin!
– Deprekler gümmür-gümmür kakylsyn!
– Işşek goýunlar çalynsyn, berre guzular oda goýulsun!
– Gazanlarda et gaýnasyn, palaw-ýahna bişirilsin!
– Çagry begiň tutýan toýunyň suprasy giňden ýazylsyn!
– Açlaryň garny doýsun, ýalaňaja don ýapylsyn!
Gumral enäniň tabşyryklary gutararyna mähetdel, töwerekde gaýda-gaýmalaşyk başlandy. Çagry beg ýüzüni kybla tutup, ellerini asmana göterdi-de, kalbyndan syzdyryp şeýle dileg etdi:
– Eý, Allam! Saňa ýüzde-müň şükür! Ýoluna göz dikip garaşýan gerçek ýigidim dünýä indi. Goý, ol seljuklara bereket getirsin! Il-günümiň mertebesin beýgeltsin! Halkyma çyrag, alnyndan direjek ogul bolup ýetişsin!
Çagry begiň şeýle diýip dileg etmeginiň aýratyn sebäbi bardy. Iki gün mundan öň atasy Seljuk beg öz eli bilen ulaldan agtygy Çagry begiň düýşüne giripdi. Şonda oňa nesihat edipdi. Çagry beg bir pursat pikirlenip, şonda atasynyň nämeler diýenini doly ýadyna saljak boldy: «Heý, Çagry beg oglum! Eý, ogul, gerçek ogul, jan ogul! Beýik Alla saňa gara gaşly, gara gözli goç ogul bagyş eder. Onuň adyna tussaglykda ýatan agaň Arslanyň hatyrasyna Alp Arslan goýgun! Alladan dilegim, bu ogul türkmeniň abraýyny belende göterer. Enşalla, bu ýigidiň saýasynda türkmeniň bagty açylar, ýüzleri güler!»
Hawa, Seljuk begiň Çagry bege düýşünde aýdan şu sargytlary, hakykatdanam, eýýämden birin-birin amala aşyp başlapdy.
Seljuklaryň özbaşdyk bolmak, döwlet gurmak ugrundaky göreşleri atalary Seljuk begiň döwründen bäri dowam edýärdi. Elbetde, döwlet gurmak, halky kyn günlerden halas etmek aňsat däldi. Adamlar bu agyr günlerde Çagry begiň nurana oglunyň dogulmagyny haýra ýordular.
Dileg edip bolan Çagry beg başyny göge galdyryp gygyrdy:
– Heý, uçup barýan guşlar! Uçuň, baryň, Hind iline tiz ýetiň! Kalenjer galasynda tussag ýatan agam Arslan bege habar beriň! «Çagry begiň ogly boldy. Adyna seniň hormatyňa Alp Arslan goýdy» diýiň! Ylaýym, Alp Arslan hem agam Arslan beg deýin edermen, gaýduwsyz bolgaý!
