«Ýigidi dostundan tana»

Yslamyň beýik serkerdesi Halit bin Welit hezretlerinden pygamberimiz (aleýhyssalatu wessalam) barada gürrüň bermegini soraýarlar. Şonda beýik serkerde:
– Men muny başarmaryn. Ol hakda näme diýsem, bärden gaýdaryn – diýýär. Barybir, ony gününe goýmaýarlar. Ol hem ahyrsoňy şeýle jogap berýär:
«Ýigidi dostundan tana» diýipdirler. Onuň dosty bolsa Alla Jelle Jelaluhu. Galanyny hem özüňiz pikir ediberiň!
***
Deňsiz-taýsyz Soltanyň ebedi zyýapatynyň çakylykçysy, elbetde, şol dabaranyň mertebesine-de laýykdyr. «Zer gadyryn zergär biler» diýlişi ýaly, pygamberimize (sallallahu aleýhi wesellem) örän ýakyn kişiler ony taryp etmekden ejizdiklerini boýun almak bilen ony iň oňat görnüşde wasp edipdirler.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s