Arslan Beg

Seljuklaryň hany Arslan begiň gaznalylara ýesir düşmegi entek-entekler ýatdan çykjak hadysa däldi. Şol bolup geçen waka Çagry begiň edil düýn ýaly ýadyna düşüp durdy.
Atasy Seljuk beg aradan çykandan soň onuň ýerine saýlanan Arslan begiň at-owazasy uzaklara ýaýylyp başlaýar. Gaznalylar Hindistana ýöriş eden wagty seljuklaryň gozgalaň turuzmagyndan howatyrlanýardy. Munuň öňüni almak üçin Gaznaly hökümdary Soltan Mahmyt ýüregine bir niýet düwýär. Ol Arslan begi köşgüne çagyrýar. Soltan onuň bilen birlikde Arslan begiň inileri Togrul beg bilen Çagry begi hem çagyrýar. Aslynda Çagry begem, Togrul begem çakylyga gitmäge göwünjeň däldi. Özi üçin gurlan duzakdan bihabar Arslan beg bolsa ýanyna beglerini hem alyp, çagyrylan ýere gidýär.
Soltan Mahmyt Arslan begiň göýä şanyna berýän zyýapatynda seljuklaryň güýjüni anyklamak niýeti bilen oňa şeýle sowal berýär:
– Eger üstümize duşman çozaýsa, seljukly dostlarymyz bize näçeräk adam bilen kömek edip biler?!
Arslan beg sagdagyndan bir ok çykaryp, Soltan Mahmyda uzadýar:
– Uruş turanda çaparyň bilen şu oky maňa ugrat! Haýal etmän saňa müň atly ýollaýyn!
Soltan Mahmyt ýene sowal berýär:
– Müň atly az bolsa näme?
Arslan beg ikinji oky uzadýar:
– Şu iki oky maňa ugratsaň, enşalla, on müň atly ugradaryn!
– Eger on müň atly hem ýetmese?
Şonda Arslan beg oňa ýaýyny uzadýar:
– Eger şu ýaýymy ugratsaň, Allanyň rugsady bilen saňa elli müň atly ýollaryn.
Arslan begiň bu sözleri soltany örän howpurgadýar. Diýmek, seljuklar onuň çak edişindenem tiz güýçlenýär eken. Soltan bolsa goşunynyň aglaba bölegini Hindistana ýörişe ugratmakçydy. Indi ol seljuklaryň barha güýçlenmegini özüne abanýan howp hasap edip başlaýar.
Şeýlelikde, Soltan Mahmyt bet pygylyny amala aşyrmaga girişýär. Onuň niýetine görä, gelen myhmanlaryň arasynda dürli ýaryşlar guralmalydy. Myhmanlar ýadan soň bolsa, olar ýesir alynmalydy. Şunlukda, ilki at çapyşygy geçirilýär. Soň naýza, pyçak we ok bilen nyşana urmak bäsleşigine gezek ýetýär. Ondan soň göreş tutulýar, gylyç-galkan bilen darkaş gurulýar. Ýaryşyň soňy aw-şikara ýazýar. Bu tutluşyklaryň hemmesinde diýen ýaly Arslan beg üstünlik gazanýar. Seljuk begleriniň edermenligi gaznalylary diýseň haýran galdyrýar.
Ýaryşlar Gün ýaşyp barýarka tamamlanýar. Arslan beg we egindeşleri rugsat sorap turjak mahallary olaryň daş-töweregini ýaragly nökerler gurşap alýar. Uzakly gün ýaryşda ýadan seljuk begleri gysga dowam eden çaknyşykdan soň ýesir düşýär.
Soltan Mahmyt Arslan begi Hindistandaky Kalenjer galasynyň zyndanyna atdyrýar. Arslan beg soltandan beýle zada garaşmaýardy, oňa dost hökmünde garaýardy. Gyssanan wagty islän kömegini berjegini aýdypdy. Şeyle ýagşy niýetiň jogaby gazamat bolmalydymy eýsem?! Dostuň eden bu biwepalygy Arslan bege, gör, nähili agyr degendir! Galyberse-de gaznalylaram, seljuklaram musulman türki halklardy ahyry. Aslynda, olaryň arasynda dörän bu agzalalygyň sebäbi Orta Aziýa sebitlerine häkim bolmakdy.
Çagry beg, Togrul beg we Gutalmyş beg Arslan begiň gaýtarylyp berilmegini sorap, gaznalylara ençeme gezek ýüz tutýar. Ýöne her gezeginde olaryň bu talaby ret edilýär. Bu bolsa taraplaryň arasynda dörän dartgynly ýagdaýy has-da ýitileşdirýär.
Arslan begiň saklanýan galasy barylmasy örän kyn ýerde ýerleşýärdi. Togrul beg bilen Çagry beg agalary Arslan begi halas etmegiň ugruna çykýar. Olar bu barada Gutalmyş begiň maslahatyny almak üçin oňa habar ýollaýar. Arslan begiň ogly Gutalmyş hem olaryň bu çakylygyny kabul edýär. Başlary jem bolan begleriň arasynda şeýle gürrüň bolup geçýär. Togrul beg Gutalmyşdan:
– Kalenjer galasynyň nirede ýerleşýänini bilýärmiň? – diýip soraýar. Gutalmyş gussaly gözlerini bir nokada dikip:
– Hindistanda, Gang derýasynyň günortasynda, ýylçyr gaýalaryň arasynda – diýip jogap berýär. Togrul beg oňa ýene-de sowal bilen ýüzlenýär:
– Sen, Kalenjer galasyny hut öz gözüň bilen gördüňmi?
Gutalmyş beg ýüzüni aşak salyp:
-Ýok, görmedim. Men inim Resul bilen äkidilip barýarkak, gijäň garaňkylygyndan peýdalanyp, zordan gaçyp gutuldyk – diýýär. Şonda Çagry beg ara goşulýar:
– Sizi yzarlamadylarmy? – diýip, gyzyklanýar. Gutalmyş beg:
– Aňmadyk bolsalar gerek ýa-da giç aňdylar. Sebäbi nijeme günläp ýol ýöresegem, biz-ä gelen-gidene duşmadyk – diýýär. Çagry beg ýerinden turýar:
– Kiçiräk goşun bilen şol ýerlere gidip bolarmy? Nähili pikir edýäň?
Gutalmyş Çagry begiň ýüzüne garap:
– Gidip bolmasyna-ha, bolar. Ýöne juda kyn düşer. Hepdeläp, aýlap ýöremeli bolar. Hindistanyň ýoly şeýle bir uzak, üstesine-de howply. Gaznalylar şol ýerlere hiç kimiň aýagyny sekdirmeýärler – diýýär.
Togrul begem bu gürrüňe goşulýar:
– Kalanjer galasyna söwda kerweni bilen täjir lybasyna giren ýigitlerimizi ugratdyk. Arslan beg agamyz bir ýoluny tapyp, bize habar ýollapdyr.
Bu habary eşiden Gutalmyş beg haýran bolýar. Ol gyssanmaç:
– Kakam jan näme diýipdir? – diýip soraýar.
Onuň bu sowalyna Çagry beg jogap berýär:
– Ol «Maňa bu ýerden halas bolmak gaty kyn, hatda mümkin hem däl. Meni halas etjek bolup, birdenkä özüňiz gapana düşäýmäň! Gaznalylar dostsyran bolup, bize duzak gurdular. Men ätiýaçlygy elden berip, ýalňyşlyk göýberdim. Kysmatymdakyny görerin. Ýöne siz ägä boluň! Soltan Mahmydyň albaýyna aldanaýmaň» diýipdir.
Şonda Togrul beg:
– Täjir lybasly Kalenjere giden ýigitler hem ýoluň örän hatarlydygy hakynda habar getirdiler. Ýöne her näme-de bolsa, bu gezek has köp adamly kerwen ugratmaly diýen karara geldik – diýýär.
Gutalmyş beg ýüzüni aşak salyp oturşyna, umytsyzlyk bilen dillenýär:
– Hernäçe urunsamam, kakamy halas etmegi men-ä başarmadym.
Ol şeýle diýip, Togrul begdir Çagry beg bilen hoşlaşyp, öýüne dolanýar.
Ýaz pasly gelende seljuk türkmenleri müň atlydan ybarat uly kerwen gurap, Hindistana ýola salýarlar. Az ýöräp, köp ýöräp Hindistana baran kerwen tä gyş düşýänçä şol ýerde galýar. Kerwen yzyna dolanyp gelýärkä, ýigitler ysytma keseline ýolugýar. Şonda olaryň ýarysy diýen ýaly aradan çykýar. Yzyna gelip bilenler Kalenjer galasynyň gaznalylar tarapyndan örän berk goralýandygyny, Arslan begi ol ýerden halas etmegiň mümkin däldigini aýdýarlar. Hakykatdan hem, gaznalylar Arslan begiň alnyp gaçylmagyndan ätiýäç edip, galanyň saklawyny hasam güýçlendiripdiler.

One thought on “Arslan Beg

  1. Aslynda Mahmyt Gaznalynyñ juda adalatly hereketlerem bar weli, munsy syyasy taydan dogram bolsa, gaty öwerlik iş-ä däl. Aý, ol barybir seljuklaryñ öñune gecib-ä bilmedi weli, Gara Arslan beg haýp helak boldy-da.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s