«Haýa etdim»

Bir gün ymam Mälik hezretleri metjitde pygamberimiz (aleýhyssalatu wessalam) barada gürrüň berýärdi. Ol wagyz edip bolup, kürsüden düşende talyplaryna şeýle diýýär:
– Ogullarym, meni möý çakdy.
Talyplary haýran galyp:
– Tagsyrym! Durkuňyzy hiç hili üýtgetmediňiz. Biz-ä aňşyrmandyrysam – diýýärler. Şonda ymam Mälik hezretleri olara:
Kürsüde pygamberimiz (aleýhyssalatu wessalam) barada gürrüň edilýärkä, oňaýsyz hereket etmekden haýa etdim – diýip jogap berýär.
***
Olar pygamberimize nähili hormat goýmalygyny şeýdip görkezmedik bolsalardy, biz muny bilmezdik. Hawa, Arabystan ýaly jöwzaly, çöllük sebitde zäheri güýçli mör-möjekleriň çakyp, ölümiň bäri ýanyna gelen pursatyňda-da durkuňy hiç hili bozman, Oňa bolan edep-hormaty saklamak diňe pygamberimize bolan gyzgyn söýginiň netijesi bolup biler.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s