Agzybire Taňry biýr, azgalany gaňrybiýr

Alp Arslanyň doglanyndan üç ýyl geçenden soň Hindistandaky Kalenjer galasyndan Arslan begiň ölüm habary geldi.
Çagry beg agasynyň ölümine hemme kişiden beter gynanypdy. Emma özüne erk edip, sabyrlylygy elden bermedi. Atasy Seljuk beg bir gezeginde “Ogul! Beg bolmak üçin diňe edermenlik bilen gaýrat ýeterlik däldir. Beg diýeniň hem akylly bolmaly, hemem duşmanyň duzagyny bozmaly” diýipdi. Ol atasynyň bu sözlerine häzir hasam gowy düşünýärdi. Arslan beg garadan gaýtmazdy, gaýratlydy, jomartdy, ile kömek ederdi, emma duşmanyň hilesini aňyp bilmändi.
Arslan begiň ölümünden soň Togrul beg bilen Çagry beg seljuklaryň garaşly bolup ýaşamakdan halas bolmagy üçin taýýarlyklara başladylar. Ilki bilen näme etmelidigi barada oýlanyşdylar. Hezreti Pygamberimiziň sünnetine uýup, hemmäň pikirinden peýdalanmak üçin maslahat çagyrmagy makul bildiler. Şu maksat bilen seljukly we beýleki türkmen taýpalaryna habar ugradyp, gurultaý çagyrdylar. Bu gurultaýda begleriň arasynda dürli pikirler çekeleşildi, her hili teklipler orta atyldy. Maslahatda Togrul beg söz alyp, pikirini köpçülige mälim etdi:
– Beglerim, goçaklarym, emirlerim! Iň ulymyz, agamyz Arslan Ýagbu Kalenjer galasyna amanadyny tabşyrydy. Alla oňa rahmet etsin! Bu ajy habar bize gaty agyr degdi. Inşalla, Arslan begiň bu dünýäde çeken azaplary ahyretde belent derejeleri gazanmagyna sebäp bolar. Häzir ýas tutmagyň wagty däl. Indiden beýläk seljuklar örän ätiýaçly, aýgytly hereket etmeli.
Eý, nije agyr günleri başyndan geçiren, aksakgal paýhasly ýaşulylarymyz! Eý, deň-duşlar, eý, ýaş ýigitler! Şular ýaly agyr günden soň ýöremeli ýolumyz nähili bolmaly?! Atalarymyz “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýipdirler.
Togrul şeýle diýeninden soň bir naýzany alyp, iki eli bilen döwüp taşlady. Yzyndan bir bogdak oky alyp döwjek bolanda olary çalaja ýegşerdip bildi. Ondan soň ýogyn sesi bilen ýene-de adamlara ýüzlendi:
– Ak sakgal paýhasly atalarym ýaly men hem ynha, şeýle diýýärin: Ilkinji etmeli işimiz agzybir bolmak. Güýçli bolmagyň birinji şerti agzybirlik bilen bilelikde hereket etmekdir. Ýeňiş gazanmagyň şertleriniň bir hem şudur. Seljuklar başsyz galmaly däldir. Ilki bilen özümize baş saýlamaly. Musa agamyz Seljuk atamyzyň bize goýup giden mirasydyr, hemmämiziň ýaşulymyzdyr. Hakan bolmak onuň hakydyr. Men Seljuk atamyň diýenine boýun. Men hem onuň sözlerini gaýtalaýaryn: “Türkmen başsyz galmaly däldir, ol gaýratly, gerçek we akylly bolmalydyr. Ätiýajy elden bermeli däl, duşman hilesinden hüşgär bolmaly”.
Bu gurultaýda türkmen begleri Togrul begiň teklibini makulladylar. Şeýlelik bilen, Çagry begiň hem-de Togrul begiň kakalarynyň inisi Musa beg seljuklara hakan saýlandy.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s