Gowy adam, ýaman adam

Bir gün hezreti Äşeden (radyallahu anha):
– Eý, müminleriň enesi! Kişi özüniň gowy adamdygyny nädip bilip biler? – diýip soraýarlar. Şonda Äşe enemiz:
Haçanda ol özüni erbet adamdyryn öýdende – diýip jogap berýär.
– Onda, erbet adamdygyny nädip bilip biler? – diýip, ýene sowal berýärler. Bu gezek Äşe enemiz:
Özüni gowy adamdyryn öýdende – diýip jogap berýär.
* * *

«Külli älem jemlenip: «Sen gowy adam» diýip, hernäçe gaýtalasa-da, maňa meniň gowy adamdygymy ynandyryp bilmez» diýen sözler bu meseläni örän ýerlikli tymsalydyr.
Hawa, adam elmydama öz hatasyny bilýändir. Şol hatany Allanyň öňünde edýändigi üçin ony kiçi-girim görüp, biperwaý garamaly däldir. Mundan ötri ynsan özüni bagyşlamaly däldir.
Günbatarly bir filosof hem bu hakykaty özüçe şeýle düşündirýär: «Ynsanlar ikä bölünýär: özüni gowy hasaplaýan erbetlere, özüni erbet hasaplaýan gowulara».

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s