MENIŇ ILKINJI SOWGADYM

Atamyň Ilaman aga diýen dosty bardy. Ol häli-şindi atamyň ýanyna oturmaga gelyärdi. Ilaman aga ak sakgally, nurana ýüzli adamdy. Kawagt atam hem Ilaman agalara gidýärdi. Olar köp ýyllardan bäri gatnaşýan bolsalar gerek. Sebäbi biri-birilerini görenlerinde, ýitirip tapan ýaly gujaklaşyp salamlaşýarlar. Atamyň aýdyşyna göra, Ilaman aga “klasdaş hem polkdaş” diýýär. Olar gullukda-da bile bolupdyrlar. Bir günem, günorta ýakynlanda atam ikimiz mellekden çykyp, gapymyzdaky üzüm teläriň kölegesinde pilimizi arassalap otyrdyk. Şol barmana bir ýerlerden Ilaman aga geldi. Ol aňyrdan gelşine salam berdi:
Essalawmaleýkim, Gurban aga!
Waleýkümessalam, Ilaman aga!
Olar edil hemişekileri ýaly gujaklaşyp salamlaşdylar. Men hem Ilaman aga bilen görüşdim. Birsalym saglyk-amanlyk soraşandan son, Ilaman aga:
Ýeri Gurban aga, Oraza-da ýetip gelýär. Bu yssy bilen mellekde nädip işlärkäk? – diýdi. Atam:
Dogry aýdyaň Ilaman, Oraza-da yetip gelyar. Bolmanda-da, yssyda biraz kynrak bolar, ýöne bu aýyň aýratyn bereketi bar. Alla hernä ýeňillik bersin-dä, men şoňa-ha ynanýan – diýdi.
Men bularyň gürrüňlerine gulak gabardyp, Oraz atly ýene-de bir gatnaşýan kişileriniň bardygyny, onuň uzak ýerden gelýändigi hakynda oýlandym. Şol barmana-da atam:
Merdan, bar oglum ejeňe aýt, bize bir çaý bersin – diýdi. Men ejeme çaý diýmek üçin ýerimden turdum. Olar ýene-de edil öňküleri ýaly, mesaýy gürrüňlerini dowam etdiler. Men olaryň gepinden: “Bäh, bularyň Oraz diýen dostlaram bar eken-ow” diýen netijä geldim. Bolmasa, ýene bir gün atamdam Oraz diýilyän dosty barada arkaýynçylykda soraryn-da diýip, içimi hümledip goýdum.
Aradan bir hepde ýaly wagt geçipdi. Gün ýaşyp gelyärdi. Dostlarym bilen ýaremezana aýlanmak üçin köçede üýşüp başladyk. Edil şol wagtam atam bilen Ilaman aga geçip barýardy. Olar:
Gör bulary, tüweleme, orazanyň habarçylary-da – diýip, ýollaryny dowam etdiler. Birdenem, öňden ýarym galan soragym ýadyma düşdi. Içimden “Ýogsa-da, olar şol uzak ýerden gelmeli Oraz diýilýän tanyşlaryny garşylamaga barýan bolaýmasynlar?!” diýip, olaryň yzyndan gitmäge hyýallandym. Soňra-da “Ýeri bolýa-da, bu hakda agşam atam öýe gelende arkaýynçylykda soraýaryn” diýip, goýbolsun etdim.
Biz giç agşama çenli ýaremezan aýlandyk. Men torbamdaky yaremezanda berlen sowgatlary atama görkezmäge howlugýardym. Yglaşlap öýe gelemde, atam henizem gelmän eken. Onuň uçsuz gara ayakgaby, eýwandaky geýim asylýandan asýan dony ýokdy.
Men atamyň bolýan otagyna girip, torbamdaky berlen sowgatlary çykaryşdyryp başlanymam şoldy, onýança ardynjyrap atam geldi. Men onuň öňünden ylgap çykdym:
− Ata men saňa çaý bilen içer ýaly kän süýji-köke getirdim – diýdim. Atam:
− Haý berekella! Gör-ä muny – diýip, başymy sypady. Men oňa ýarym tolgunçly we begençli halym bilen:
Ata, Oraz diýýän dostuňyzam sag-aman geldimi? diýip soradym. Ol birhili diňşirgenip durdu-da, natanyş kişä seredýän ýaly:
Kim ol Oraz ? – diýdi, Men oňa:
Hany, geçen hepde Ilaman aga bilen teläriň kölegesinde “Orazam-a ýetip gelyär, mellegem işläp bolmaz” diýşip, gürrüňini edipdiniz. Ýadyňa düşyärmi? – diýenimden, atam mys-mys edip güldi-de başymy sypap, bolýan otagyna girdi. Men içimden “Bu ýerde güler yaly näme barka, bir zady ýalňyş aýdaýdymmykam!” diýip pikirlendim. Onýança atam:
− Hawa oglum, Orazy, ýagny Orazany garşyladyk. Özem tarawa namazy bilen garşyladyk – diýdi. Atamyň jogaby meni örän geň galdyrdy. Bilesigeljilik bilen:
Ata, ol adamy tarawa namazy bilen garşyladyňyzmy? – diýdim. Atam:
Hawa balam, hany bärik gel, diýip – meni ýanynda oturdyp, gürrüňini dowam etdi. – Dogry, Oraz atly adam kän. Sebäbi, türkmenlerde Oraza aýynda doglan oglanlara Oraz, Orazmyrat; gyzlara-da Orazgül,Orazbibi yaly öňi Oraz bilen başlaýan atlar goýýarlar. Kähalatlarda Annoraz, Oguloraz yaly soňundanam goýuberýärler. Türkmenlerde Oraza aýyna aýratyn sarpa goýulyar. Sebäbi bu aýda Allatagalanyň kitaby Kurany Kerimiň Muhammet pygambere (s.a.w) inen aýy. Şonuň üçinem bu aý öňünden garşylanyar. Mysal üçin, siz bu gün ýaremezan aýtdynyz, şeýle dälmi?!
Hawa.
Göryäňmi, siz ýaremezan aýtmak bilen bütin oba Remezanyň, ýagny Oraza aýynyň gelendigini buşladyňyz. Adamlar siziň bu begençli habaryňyz üçin kiçeňrägem bolsa, özüňize görä sowgat berdiler. Bu Remezanyň size buşluk sowgadydyr. Oraza aýynda agyz beklemek her bir musulmanyň borjudyr. Şonuň üçin bu aýda agyz beklenýär, Kurany Kerim okalýar, tarawa namazy okalýar, zekat we pitre sadakalary berilýär. Mesjitlerde edep-terbiýe barada wagyz-nesihat edilýär. Oraza aýy durşy bilen sogap gazanylýan aýdyr. Beýleki aýlarda bir ýagşy iş etseň, bir sogap berilýän bolsa, Oraza aýynda azyndan on esse köp sogap berilýär. Şonuň üçinem bu aýa bereket aýy, aýlaryň soltany diýilýär. Heýem, aýlaryň soltany geler-de, buşlanmazmy? Oglum, indi wagty gaty gijikdirmäli. Irgözinden ýataly, gürrüňimizi ertir dowam edäýeris. Men selälige turmaly, eger agzyňy bekläsiň gelse, senem turzaýyn – diýdi. Men höwes bilen razy boldum. Atam mähirli ýylgyryp, maňlaýymdan öpdü-de, kellesini ýassygyna berip, sag egnine öwrüldi.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s