Alp Arslanyň düýşi

Alp Arslan okaýan kitabyndan başyny galdyryp, pikire çümüp otyrdy. Ol Bilge kagan barada oýlanýardy. Alp Arslan pähim-parasatlylygy bilen duşmanyň her dürli hilesini öňünden syzmagy başaran hem-de goýup giden ýazuwly mirasy bilen ençeme asyrdan bäri halkyna ýol görkezip gelýän Bilge kagana diýseň uly hormat goýýardy. Şeýle oýlara gümra bolup oturan Alp Arslanyň şol barmana uka gitdi. Onuň gulagyna ejesiniň özüni çagyrýan sesi üzlem-saplam bolup gelýärdi. Ýöne ýadawlyk ondan rüstem gelipdi. Ejesi gelip, ýuwaşlyk bilen oglunyň elindäki kitaby aldy. Onuň ýaňagyndan ogşady-da, üstüni ýorgan bilen örtdi. Kiçijik Alp Arslan Bilge kagany eýýäm düýşünde görüp ýatyrdy.
Bilge kagan törde aýbogdaşyny gurap oturşyna, oguzlaryň ýol-ýörelgesi hem-de duşmanyň guran duzagyny bozmagyň tärleri dogrusynda türkmen beglerine nesihat berýärdi. «Ägä boluň! Duşmanyň ýüpek matasyna, altyn-kümşüne, süýji sözüne, bahaly sowgadyna aldanaýmaň! Olara ynam eden günüňiz, ýurduňyz duşmanyň golastyna düşer. Döwletiňiz ýykylar, siz bolsa ýok bolup gidersiňiz» diýýärdi.
Alp Arslanyň düýşüniň dowamy başga bir waka bilen sepleşip gidýar:
Çiçi han gala söweşsiz berilse, özleriniň janyna degilmejekdigini wada berýän çyn-maçynlylara soňky demine çenli darkaş gurjakdygyny aýdyp, hemle atyp dur.
Bir görseňem, Gürşad Çyn-Maçyn köşgüni eýelän atly goşuny bilen Weý derýasynyň kenarynda töweregini gurşan duşmanlary bilen gahrymanlarça söweşip ýör.
Birdenkä-de, Alp Arslanyň atasy Seljuk begiň haýbatly nazaryny oňa dikip, ýüzlenip duran keşbi peýda bolýar. Ol:
– Eý, ogul! Alp Arslan jan! Anadolynyň derwezesini sen açarsyň! Türkmeniň dowamaty sendendir! Edermen ýigitleriň bilen hak ýolda söweşersiň! Gorkman-ürkmän, atyňy Günüň batýan ugruna bakan sür! Ýüregiň suwly, bilegiň güýçli bolsun! Gylyjyň ýiti, gazaň mübärek bolsun! Günbatardaky topraklar ýurduňyz bolsun! Alla ýaryň bolsun!
Alp Arslan ukudan oýananda, elini açyp, dileg edip oturan kakasyna gözi düşdi. Çagry beg gije namazyna turan eken. Atasy Seljuk begiň düýşünde aýdan sözleri henizem gulagynda ýaňlanyp duran Alp Arslan kakasynyň edýän dileglerini eşitmek üçin diňşirgendi. Çagry beg ýüreginden syzdyryp, Alla ýalbarýardy:
– Eý, Allam! Biz Saňa ynandyk, Saňa bil bagladyk! Bizi duşmanyň şerinden goraweri! Bize dinimizi, milletimizi, maşgalamyzy, bala-çagamyzy, ar-namysymyzy goramaga güýç-kuwwat bereweri! Bizi şu agyr günlerimizden çykaraweri! Ýerli-ýurtly bolmagy nesip eýläweri! Seniň ýoluňda alyp barýan göreşimizde bizi üstünlige ýetireweri! Goý, dostumyz şat, duşmanymyz mat bolsun! Bizi bilýänine amal eden mümin gullaryňdan kylaweri! – diýdi. Yzyndanam «Elham» okap, elini ýüzüne syldy.
Ertir namazynyň azanynyň aýdylmagyna az wagt galypdy. Dileg edip bolan Çagry beg Alp Arslanyň oýadygyny görüp, oňa garap ýylgyrdy. Oglunyň ýanyna gelip, başyny sypady:
– Alp Arslan, oglum! Alla gulluk etmek hökmany borjumyzdyr. Namaz diniň diregidir, dileg etmek bolsa ruhuň iýmitidir. Ýaradylana gulluk edilýän däldir, Ýaradana gulluk edilýändir. Alla özüne ynanýanlara hemişe kömek edýändir. Sen bu zatlary ejeňden, Sary molladan eşiden bolsaň gerek!
Çagry beg şeýle diýip, ogluny mähir bilen gujaklady. Onuň alnyndan ogşady. Öz ýanyndan: «Hudaýa şükür, ölsemem gözümi açyp gitmeli bolmaryn» diýip pikir etdi. Hawa, onuň Süleýman, Gawurd we Alp Arslan ýaly men diýen ogullary bardy. Aýratynam, Alp Arslan başarjaňlygy, aýratyn ukyplary hem-de baştutanlyga mahsus häsiýetleri bilen beýleki doganlaryndan düýpgöter saýlanýardy.
Çagry beg nazaryny Alp Arslanyň gözlerine dikip, şeýle diýdi:
– Eý, ogul! Şuny berk belle! Haçanam bolsa bir gün menem dünýeden öterin. Yzymda goýjak iň gymmatly mirasym seniň edebiňdir, ekramyňdyr. Enşalla, ulalaňda ile baş bolarsyň, ýurt dolandyrarsyň. Şol döwür gelende adalatly bolgun! Etjek her bir işiňi töweregiň bilen maslahatlaşgyn! Il-günüňe abanjak howp-hatary öňünden syzmagy başargyn, oýlanyşykly hereket etgin, hergiz ýalňyşmagyn!
Alp Arslan durşy bilen gulaga öwrülip, kakasynyň öwüdini diňleýärdi. Birdenkä düýşünde gören zatlary ýadyna düşüp, ýylgyryp göýberdi. Onýança Aýjan hatyn gelip, ogluna possunyny geýdirip durşuna:
– Balam, birden üşäýme, howa sowukdyr. Ýogsa-da, ýüzüňdäki şatlykdan çen tutsaň-a gowy düýş dagy gören ýaly-la sen?! – diýip sorady. Alp Arslan şol ýylgyryp durşuna:
– Eje jan! Düýşümde Bilge kagan bilen Seljuk atamy gördüm – diýdi. Ejesi ogluna mähir bilen garady:
– Gözüň aýdyň balam! Pygamber ýorgudy bolsun!
Alp Arslan düýşüni gürrüň berjek bolup durka, daşarda aýak sesleri eşidildi. Ertir namazynyň wagty giripdi. Ol ejesinden rugsat sorap ýerinden turdy. Dessine täretini alyp, egin-eşigini geýdi-de metjide tarap ýelk ýasady. Özi ýaly deň-duşlary bilen Sary mollanyň we ýaşulularyň yzynda durup namaz okady.
Çagry beg adamlar bilen metjitden çykdy. Ol söýgüli ogluna mähir bilen garady. Öz ýanyndan: «Şu çagada bir üýtgeşiklig-ä bar» diýdi. Birdenem özüniň Alp Arslanyň ýaşyndaky çagalyk döwrüni ýatlady. Oglunyň özüni alyp barşy, gepleýşi, her bir hereketi agynjak özüdi. Hakykatdan hem, Alp Arslan ýöne-möne ýetginjek däldi. Ol edermen Çagry begiň ogludy. Onuň hem edil kakasy ýaly gerçek ýigit bolup ýetişjegi, özi hem, düýpgöter üýtgeşik ýigit bolup ýetişjegi şu wagtdan bellidi.
Jahan ýagtylyp ugrapdy. Alp Arslanyň ejesi hemişekisi ýaly ertirlik taýýynlapdy. Alp Arslan derrew ertirlik edindi-de, töwirini galdyryp, turmak bilen boldy. Ol okuny-ýaýyny, gylyjyny guşanyp, hemmelerden öňürti türgenleşik meýdançasyna tarap ylgady. Barybir, meýdança ondan öň hiç kim barmaýardy. Hol aňyrdan tälimçi serkerdäniň gelýänini gören Alp Arslanyň beýleki deň-duşlary hem meýdança tarap ylgap başladylar. Tälimçi aňyrdan gelşine, meýdançanyň ortarasynda duran Alp Arslany görüp ýylgyrdy:
– Eý, goç ýigit! Eý, Alp Arslan jan! Enteg-ä senden öňürti ýaragyny guşanyp, meýdança gelen ýok. Beýle nämä howlugýaň?
Alp Arslan gyzyşmak üçin bireýýämden özi ýaly oglanlar bilen göreş tutmaga başlapdy.
Çagalara ýarag ulanmagy öwredýän tälimçi Saw Tekindi. Ol Çagry begiň gowy görýän, söweşleriň birinde şehit bolan dostunyň ogludy. Saw Tekin gylyç işletmäge, her hili söweş tilsimlerine ezberdi. Türkmen ýigitleriniň ählisi ýarag ulanmagyň inçe syrlaryny ondan öwrenýärdiler.
Şol günki tälimde ýaşytdaş oglanjyklarynyň arasynda ylgamakda bäsdeşlerini yzda galdyranam, ýaýyny dartdyryp, okuny iň uzaga atanam Alp Arslan boldy. Mundan başga-da ol deň-duşlaryndan birbada iki oglan bilen göreşip, olary ýeňmegi-de, burma şahly goçuň üstüne münüp, ýykylman oturmagy-da, ylgap barýarka ýüzugra hanjaryny nyşana göni urmagy-da ökdelik bilen başarypdy.
Alp Arslan ýüzmekde-de, bilek göreşini tutmakda-da öz ýaşytlaryndan tapawutlanýardy. Birneme ulalandan soň ol at çapyşygy, naýza zyňmak ýaly ýaryşlara-da gatnaşyp başlady.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s