Näme üçin meniň halymy soramaga gelmediň?

Allatagala Musa pygambere (aleýhyssalam) ýüzlenip:
― Musa, men keselledim. Näme üçin meniň halymy soramaga gelmediň? – diýýär. Haktagalanyň bu sowalyna haýran galan Musa pygamber:
― Eý, nogsan sypatlardan päk bolan Rebbim! Bu sözüň manysyny maňa aýan eýle! – diýip, Rebbine ýalbarmaga durýar. Rahman we Rahym bolan Alla şeýle diýýär:
― Meniň salyh gullarymyň biri kesele ýolukdy. Näme üçin onuň halyndan habar almadyň?
* * *
Alla ejiz, garry, hassa bendelerine örän ýakyndyr. Olara şeýle ýakynlyk görkezýän Allatagala her bir işini Alla üçin edýän, ýagşylygy ündeýän, erbetlikden gaýtarýan bendelerine, kim bilýär, gör nähili ýakynlyk görkezýär! Diýmek, Allatagala ynsanlary dogry ýoly görkezmek üçin ýörite saýlap-seçen bendeleriniň ynjydylmagyny hut Özüniň ynjydylmagy bilen deň tutup biler.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s