Bir adam ykjam geýnip, ýola çykýar. Muny gören Gün bilen ýel öz aralarynda haýsysynyň şol adamyň penjegidir telpegini çykardyp biljekdigi dogrusynda jedele girişýär. Olar bije atyşýar. Birinji synanyşyp görmek gezegi ýeliň paýyna düşýär. Şunlukda, ýel ösmäge başlaýar. Ýel güýçlendigiçe, adam telpeginden, penjeginden berk ýapyşýarmyş. Ýel soňabaka tupana öwrülip, adamy göge göterjek-göterjek bolýarmyş. Adam, gaýtam, telpeginden, penjeginden hasam berk, hasam erjel ýapyşýarmyş. Şunlukda, ýeliňki paşmaýar.
Synanyşmak gezegi Güne gelýär. Gün asmanda çalaja görünýär welin, adam telpegini çykarýar. Gün gyzgynlygyny ýene biraz artdyrýar. Adam bu gezek penjeginiň iliklerini açmaga durýar. Gün hasam beter gyzyp başlanda, adam penjegini çykarýar. Şundan soňra ýel özüniň asgyn gelendigini boýun alýar.
* * *
Ynsan tenine düşen ýarasyna gödeňsi çemeleşilmegini isleýän däldir. Hatda ony elledesi hem gelýän däldir. Adamlaryň hatalary tene düşen ýara mysalydyr. Hatalary üçin adamlara ýel ýaly ýowuz daramaly däldir, eýsem Gün ýaly mähirli çemeleşilmelidir. Sebäbi ýowuz daramaklyk ynsanyň şol etmişini dogry saýyp, özüni aklamagyna, mundan öň ýalňyş hasap edýän zatlaryny bu gün dogry hasaplamagyna, kalbynda kin döremegine alyp barýandyr. «Eýtmeli-beýtmeli, ýeňmeli» diýen düşünjä berilmegine sebäp bolýandyr. Hawa, iman meseleleri babatynda jedele girmek nädogrudyr.
