Horasana edilen hijret

Alp Arslanyň kakasy Çagry beg töweregindäkilere hemişe ätiýaçly bolmagy ýatladýardy. «Duşman dek ýatmaz, hemişe çemini peýläp ýörendir» diýip, her wagt ägä bolunmalydygy hakynda gaýtalap ýörýärdi. Onuň inisi Togrul begem: «Ätiýäçly bolmak iň güýçli ýarag» diýip, häli-şindi nygtaýardy.
Çagry beg gijelerine atyna atlanardy-da, birlaý töweregi aýlanyp çykýardy. Maýyl günleri ýanyna Alp Arslany hem alýardy. Soňky günlerde kakasynyň daş-töwerege gözegçilik etmäge ýygy-ýygydan gitmegi Alp Arslanyň ünsüni çekýärdi. Ol kakasynyň edýän gürrüňlerinden Jent emiri Şa Mäligiň seljuklaryň üstüne çozmak üçin amatly pursat peýläp ýörendigine göz ýetirýär.
Gözedürtme garaňky, aýazly gijeleriň biridi. Şemalyň sykylyk çalýan sesi bilen üýrýän itleriň hawlamasyndan başga zat eşidilmeýärdi. Şeýle-de bolsa, Çagry begiň bu gijede-de ukusy tutmady. Ol nobatçylary barlamak, töweregi gözden geçirmek üçin çadyryndan çykdy. Itleriň janygyp üýrýän sesine birdenkä adamlaryň gykylygy, atlaryň kişňemeleri, gylyçlaryň jarkyldylary goşulyp gitdi. Şol barmana Çagry beg ýigitlerine haýkyryp seslendi. Onýança-da ýaňky sesler ilki pessaýlap, soňam kesildi. Duýdansyz çozan duşman bilen bolan çaknyşyk uzak dowam etmedi. Hemişe ätiýaçlylygy goldan bermeýän türkmen ýigitleri duşmanyň merkini beripdi.
Ele düşen ýesirleriň käbirini gepledip, maglumat almak başartdy. Şunlukda, bu alamançylygy kimiň etdirendigi anyk boldy. Çagry begiň çaklamasy dogry bolup çykdy. Çapawulçylary ýollan seljuk türkmenleriniň barha güýçlenmeginden howatyrlanýan Jent şäheriniň dikmesi Şa Mälikdi. Çagry beg her bir zadyň öz wagtynda gamyny iýip, ätiýaçlylygy elden bermänsoň, onuň oturan obasy çapawulçylykdan zyýan görmedi. Gaýtam, duşmanyň esgerleri duzaga düşüpdi. Seljuklaryň beýleki obalarynda welin, uly ýitgi çekilipdi.
Şol çapawulçylykdan soň seljuklar Jent sebitiniň özleri üçin howpludygyna göz ýetirdiler. Olar özara maslahat edip, howp-hatarsyz ýere, Horasana göçmek hakynda karara geldiler. Şol geňeşde Çagry beg şeý diýipdi:
– Hezreti pygamberimiz (s.a.w) hem şeytmänmidi näme?! Musulmanlary mekgeli müşrükleriň zulmundan halas etmek üçin olara ilki Hebeşistana, soňra bolsa Medinä göçmeklerini aýtmanmydy näme?! Müminleriň dinlerini gorap, arkaýyn ybadat etmekleri üçin hijret etmegiň zerurdygyny görkezmänmidi eýsem?! Şeýdip, sahabalar dinlerini has giň çäge ýaýmadylarmy eýsem?!
Diýmek, hijret durşy bilen rahmet eken. Şeýle düşünjä gulluk edýän seljuklar Horasana göç etmezden öňinçä maşgala agzalarynyň iň ulusy bolan agalary Musa Ýabgunyň ýanyna bardylar. Hormatlap, onuň maslahatyny diňlediler, ak patasyny aldylar.
Gitdigiçe güýçlenýän seljuklaryň Çagry begiň baştutanlygynda Horasana eden hijreti gaznalylary uly alada goýdy. Gaznaly soltany günsaýyn kuwwat tapýan seljuklardan çekinýärdi. Horasandaky türkmenleriň hem seljuklary goldajakdygy ikuçsuzdy. Iň gowusy, bir ýoluny tapyp, olary Horasandan çykarmalydy. Emma nädip çykarmaly?!
Seljuklar ilki bilen gaznalylara hat ýolladylar. Olar hatlarynda nähak ýere Jent häkiminiň çapawulçylygyna sezewar bolandyklaryny, ýersiz-ýurtsuz galandyklaryny beýan edýärdiler. Mallary üçin öri meýdan gözleýändiklerini, gaznlalylara gulluk etmegiň muzduna Horasanda ýerleşmäge rugsat berilmegini sypaýyçylyk bilen soraýardylar.
Ondan soňra seljuklar bu meseläni has aýdyň gepleşmek üçin Horasanyň häkiminiň ýanyna wekil ugratdylar. Seljuk wekilleri Goja Omar Gazynyň baştutanlygynda Horasanyň häkiminiň huzuryna bardy. Goja Omar häkime ýüzlenip:
– Begim, biz seljuk türkmenleri. Jendiň emiri häli-şindi üstümize çozup, bize gün bermedi. Öz topragymyzda mallarymyzy arkaýyn bakmaga zar bolduk. Biz söweşden gaça durmak üçin Horasan topraklaryna göçmeli bolduk. Rugsat berseňiz, şu jelegaýlarda ýaşamak isleýäris.
Gedem häkim Goja Omaryň sözlerine pitiwa etmedi. Äsgermezlik bilen garap, ondan:
– Garşylygynda näme berersiňiz? – diýip sorady. Goja Omar:
– Siz bilen dost-dogan bolarys. Dostuňyza dost, duşmanyňyza duşman bolarys. Duşmanyňyza garşy gylyjymyzy çalyp, size kömek ederis, gulluk ederis – diýdi. Onuň bu sözlerine häkimiň gahary geldi:
– Siz bulary onsuzam berjaý etmeli. Maňa salgyt, haraç tölemejek bolýaňyzmy?!
Häkimiň haýbat atyp gepleýşine Goja Omaryň gahary geldi. Ol çekinip durman, pert-pert jogap berdi:
– Salgyt almaga hakyňyz bar. Emma musulman bolandygymyz üçin bizden haraç soramaga hakyňyz ýok. Seljuk türkmenleri haraç tölemez.
Häkim hem kesgitli gepledi:
– Hemmelerden alşymyz ýaly, sizdenem haraç alarys.
Goja Omar durkuny üýtgetmedi:
– Musulman musulmandan haraç almalymy eýsem? Biz näme kapyrmy haraç tölär ýaly? Soltan Mahmyt döwründe-de seljuk türkmenlerinden haraç alynmandy. Biz haraç tölemeris.
Häkim olary diňlemegem islemedi. Ol gazaply gözlerini Goja Omara dikdi:
– Tizde-tiz Horasandan garaňyzy saýlaň! Ýa Horasandan çykarsyňyz ýa-da öz gabryňyzy özüňiz gazarsyňyz.
Goja Omar häkime ybrat alarlykly sözler bilen jogap berdi:
– Ölüm diňe bize däl, külli adama mahsusdyr. Ýöne ölmek bar, ölmek bar. Biz parahatçylygyň tarapdary. Emma, gerek bolsa, ar-namys üçin edil toýa barýan ýaly söweşe girmegem başarýandyrys!
Bu gepleşikden soňra gaznalylar seljuklaryň üstüne goşun ugratdy. Oturymly ýer gözläp ýören seljuklara söweşmekden gaýry ýol galmandy. Olar her edip-hesip edip, bu söweşde ýeňiş gazanmalydylar.
Seljuklar bar güýçlerini jemläp, gözsüz batyrlyk edip, gaznalylara garşy göreşdiler. Söweşiň iň gyzgalaňly pursatynda ýerlerini taşlap gaçan ýaly edip, duşmany yzlaryna düşürdiler. Şeýdip, gaznalylary gabawa salyp, garşylykly hüjüme geçdiler. Netijede, gaznaly goşunyny ýeňlişe sezewar etdiler.
Seljuklar Allanyň rugsady bilen ýeňiş gazanypdylar. Bu ýeňişden soň döwlet işlerinden, syýasatdan oňat baş çykarýan parasatly Togrul beg gaznaly soltany Mesuda hat ýollady. Ol hatynda bu bolan söweşi asla unamandyklaryny, Horasanyň häkiminiň özlerini kemsidendigini, ahyrynda-da maşgalalaryny, öýlerini goramak üçin söweşmäge mejbur bolandyklaryny, ýogsam, ynanç-ygtykatlarynda musulman doganyň bilen söweşmegiň gadagan edilýändigini bilýändiklerini beýan edýärdi.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s