Deňizde tupan turýar. Tolkunlaryň zarbyna kenaryň ýakasy deňiz ýyldyzlary bilen dolup-daşýar. Bir ýaş ýigit bu jandarlary bir-birden deňze oklamaga durýar. Muny uzakdan synlap duran ýaşuly ýaş ýigidiň ýanyna gelýär. Oňa ýaýylyp ýatan uç-gyraksyz kenary görkezip:
― Oglum, bu kenaryň aňyrsy-bärsi görnenok. Kenara çykan bu jandarlar bolsa sanardan gaty kän. Näçesini deňze oklap ýetişersiň? Beýtmek bilen näme üýtgär öýdýäň? – diýýär. Şonda ýaş ýigit eline alan deňiz ýyldyzyny suwa oklaýar-da, ýaşula seredip, şeýle diýýär:
― Ine, ýaşuly! Iň bolmanda, şol jandar üçin köp zat üýtgär.
* * *
Her bir adam uly ähmiýete eýedir. Ýekeje ýaş ýigidi ters ýoldan halas etmek, ýekeje adama dünýä we ahyret bagtyýarlygyna eltýän ýoly görkezmek, ýekeje ynsanyň iman getirmegine sebäp bolmak, onuň baky ömrüniň harap bolmagynyň öňüni almak örän uly zatdyr. Bir kişiniň ebediligi gazanyp bilmegi üçin Amerikanyň baýlygy ýaly genji-hazyna sarp edilse-de, ýeridir. «Bir kişiniň hak ýola düşmegine sebäp bolmak, üstüne Gün şöhlesi düşen her zatdan haýyrlydyr».