Bu söweşden soň seljuklar Horasanda ýurt tutundylar. Çagry beg Merwe, Togrul beg Nişapura, Musa Ýagbu bolsa Sarahsa ýerleşip, täze döräp barýan döwleti dolandyryp başladylar.
Bu wakanyň üstünden iki ýyl geçdi. Şol döwrüň içinde Alp Arslan ähli söweş tilsimlerini öwrenip, güýçli, çeýe, edermen ýigit bolup ýetişdi.
Horasany ýurt edinen seljuklaryň üstüne başga bir howp abanýardy. Gaznaly döwletiniň soltany Soltan Mesut seljuklaryň üstüne goşun sürmegiň kül-külüne düşipdi. Aslyna seretseň, seljuklar bu söweşe öňden bäri taýyndy, ýöne olara gaznalylara iki musulman döwletiň bir-biri bilen söweşmeginiň dogry däldigini düşündirmäge çalyşýardylar.
Seljuklar gaznalylara parahatçylygy teklip etdiler. Özlerine sütem, zulum edilmese, dostlukly gatnaşyklaryny hemişe saklajakdyklaryna söz berdiler. Ýöne Soltan Mesut olaryň bu teklibini kabul etmedi. Parahatçylykly ýaşaşmak baradaky teklipleri orun almadyk seljuklar ýa söweşip, gaznalylardan üstün çykmalydy ýa-da ýeňlip ýok bolup gitmelidi.
Seljuklar dessine söweş gurultaýyna ýygnandylar. Togrul beg dünýäniň iň uly goşuny bilen söweşip, seljuklaryň gelejegini howp astyna almagyň dogry däldigini aýtdy. Horasandan Azerbeýjana tarap göç edip, Kiçi Aziýa, ýagny Wizantiýa topraklaryna çozuş etmegiň ýaşamaga ýer edinmegiň has gowy boljakdygyny teklip etdi. Çagry beg bolsa gaznalylar bilen söweşmegiň gutulgysyzdygyny nygtady.
Soltan Mesut seljuklara ugradan hatynda Hindistandan ýüz müň goşun bilen gelýändigini, seljuklary düýp-teýkary bilen ýok etmek isleýändigini ýazypdy. Dünýäde iň uly döwleti gurmagy maksat edinýän sejuklaryň özlerine bolan ynamy artypdy. Olar “gaçyp gitdiler” diýdirmek islemeýärdiler.
Söweş gurultaýynda dürli pikirler orta atyldy. Ahyrynda-da tilsim ulanmagy makulladylar. Çöle çekilip, gaznalylaryň goşunyny ýadadyp, birdenem hüjüme geçmeli diýlen karara gelindi.
Çagry beg gaznalylaryň Yslmyň buýrugy bolan parahatçylykdan ýüz öwrüp, gan dökmegi saýlandyklary üçin olaryň döwletiniň dargajakdygyny, olaryň ýerine seljuklaryň jahanda iň uly döwleti gurjakdygyny, hiç hili gorkmaly däldigini, her bir zatda sabyr etmelidigini aýtdy. Sözüniň soňunda-da söweşiň tertibini düşündirdi. Şunlukda, söweş gurultaýy uruşsyz yza çekilmegiň dogry däldigini, Çagry begiň aýdýan pikiriniň netijeli boljakdygyny karar etdi.
