Jerenleriň dilinden TÄSIN GIJE

Bu waka Mekge şäherinde bolup geçipdi. Şäheriň etegine ýygnanan jerenler öz aralarynda nämedir bir zatlar pyşyrdaşýardylar. Olaryň arasynda köp zady bilesi gelýän bilgirje jerenjik hem bardy. Ol asmany synlap: “Seretseňizläň! Ýyldyzlar gör, nähili ýaldyraýarlar!” diýdi. Edil şol wagt jerenleriň iň körpejesi täze ýyldyzyň doguşyny gördi. Ol begenjinden ýaňa bir ýerde durup bilmän, bökjekläp başlady: “Serediň, serediň-ä! Täze ýyldyz dogýar!” Jerenler haýran galyp, täze dogup gelýän ýyldyzy synladylar. “Görsene Allanyň gudratyny” diyşip, şadyýan gözleri bilen biri-birilerine seredişdiler.
Bilgirje jerenjik adatdan daşary bir zadyň boljagyny syzýan ýaly: “Doganlar! Görýän welin, şu gije bir üýtgeşiklig-ä boljak öýdýän. Diň salyp görüň, töwerekde bizden başga yns – jyns ýok. Göýä birine garaşylýan yaly. Asmandaky ýyldyzlary bolsa öňkülerinden has ýiti ýaldyraýar. Ynha, ýaňyja-da hemmämiz täze ýyldyzyň doguşyny gördük. Gowusy, geliň, biz ertire çenli töwerege aýlanyp göreliň. Belki-de, bir täsinligiň üstünden bararys” diydi. Bu gürrüňden soň jerenlerin hersi bir tarapa dagady.
Körpeje jeren kän yöremändi. Ol deňindäki öýleriň birinde yşyk gördi. Bu Amine hanymlaryň öýi bolmalydy. Näme üçindir, beýleki öýleriň yşyklary sönse-de, bu öýüň çyrasy öçmändi. Körpeje toweregi synlap diň saldy. Ol birdenkä özüne garşy öwsen şemal bilen gelen ýakymly gülüň ysyny aldy. Bu ys beýleki gülleriň ysyna menzemeyärdi. Bu hoşboý ys şol çyrasy ýanyp duran öýden gelyärdi. Birdenem, öýdäki ýanyp duran öçügsije yşyk gözüňi gamaşdyryp barýan ýagtylyga öwrüldi. Göýä, çar-töweregi nur gurşap aldy. Körpeje örän geň galdy. Ol bu hadysanyň sebäbine düşünmäge çalyşýardy.
Edil şol wagtam Amine hanymyň öýünden iki sany aýal begenişip, daşaryk çykdylar. Olaryň biri beýlekisine tolgunyp: “Men şu güne çenli şeýle görmegeý bäbek görmändim. Adyna-da Muhammet goýdular” diýýärdi. Jorasy-da ony baş atyp makullaýardy. Körpeje bu gürrüňden soň oýlanmaga başlady. Ol içini gepledip: “Diymek, nämedir bir zada sabyrsyzlyk bilen garaşylmagyň sebäbi Muhammediň (s.a.w) dünyä inmegi ekeni” diýdi. Soňra töweregini diňlemäge durdy. Onuň dünýä inmegi bilen tebigatyň ümsümligi bozulmaga başlady. Guşlar jürküldeşip, agaçlar ygşyldaşmaga başlady. Säher şemaly göýä, täze dogan bäbegiň buşlukçysy ýaly mylaýym öwüsyardi. Ähli jandarlar bu begençli habary toý-şagalana öwüryän ýalydy. Körpeje birdenem bökjekläp, düýnki agajyň ýanyna gitdi. Ol bu bolup geçen wakany gürrüň bermek üçin sabyrsyzlyk bilen doganlaryna garaşmaga başlady.
Gün dogup, al asmana galypdy. Jerenler agajyň aşagyna ýygnanyşdylar. Körpeje begenjinden durup bilmän: “Doganlar! Buşluk, buşluk, meniň ýakymly habarym bar. Bu gije Amine hanymyň bäbejigi dünýä indi. Edil şol wagt töwerege örän ýakymly ys ýaýrady. Birdenem ýiti ýagtylyk çar ýany gurşap aldy. Ähli ýer nurdan doldy. Eşidişime göra, bäbejik şeýle görmegeýje diýýärler. Güler yüzli, nurana bäbejigiň adyna-da Muhammet (s.a.w) goýupdyrlar.
Jerenler bu wakany körpejäniň agzyndan haýran galyp diňlediler. Bu habary eşiden bilgirje jerenjik begenjinden ýaňa gözýaşyny saklap bilmedi. Jerenler bilgirjäniň bir zatlar aýtjak bolýandygyna üns berip, ony diňlemäge durdular. Bilgirje: “Gözüňiz aýdyň doganlar! Size begençli habarym bar. Körpejäniň gürrüň berýän nurana bäbejigi adamzadyň in soňky pygamberi hezreti Muhammet sallallahu aleýhi wesellemdir. Gördüňizmi, düýn agşamky täze dogan parlak ýyldyz hem Şonuň üçin dogandyr. Güller töwerege öňküsindenem has ýakymly ys beripdir. Megerem, bu ümsümligiň asyl sebäbi şol bolsa gerek. Gör, nähili gowy habar! Bütin äleme buşluk bolsun!”
Bu habardan soň jerenjikler şadyýan bökjekleşip başladylar. Bütin janly-jandarlaryň şatlyk-şagalany bilen Ýeriň yüzi baýramçylyk mekanyna öwrüldi. Sebäbi söýgüli pygamberimiz hezreti Muhammet (s.a.w) dünyä inipdi.

Mähriban körpeler, bu gijäni hiç haçan ýadyňyzdan çykarmaň!

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s