SYÇANYŇ BOLŞUNA MEŇZEME!

Bir okuwçy mugallymynyň ýanynda käbir ýaramaz endiklerini taşlap bilmeýändigi üçin özüni kötekleýär. Mugallymyndan haraý isleýär:
‒ Mugallym, harama seretmän oňmagyň heý, çäresi ýokmy? Näme etsemkäm?!
Mugallymy:
‒ Oglum, syçanyň hereketini synla – diýýär. Okuwçysy düşünmän soň, oňa düşündiriş berýär:
‒ Syçanyň aňy gowşakdyr, şolbada unudýar. Gapandaky iýmiti görer, edil iýjek bolup durka gapana düşjegini aňyp yzyna gaçar. Emma ýene-de ýadyndan çykaryp, howply oýna ýene bir synanar. Netijede, gapan ýazyp, ony gapjar we syçan öler.
Mugallym sözüni dowam edýär:
‒ Sen akylly, üşüklisiň! Syçanyň bolşuna meňzeme! Dessine uzaklaş – diýýär. Okuwçy:
‒ Bolýar – diýýär. Ertesi gün bazara aýlanmaga çykýar. Ýene-de garagollyk etmek islegi oýanýar. Şolda ol mugallymynyň aýdanlaryny ýatlaýar, özüniň syçan däldigi hakynda pikir edip, şeýle diýýär:
‒ Men syçan däl… Men syçan däl…
Şondan soň ol her gezek garagollyk etjek bolanda şeýle diýmegini dowam etdirýär.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s