Halid bin Welid

Söweşiň gyzyşan wagty duşmanyň oky yslamyň beýik serkerdesi Halid bin Welidiň sellesini alyp geçýär. Selle duşman goşunynyň arasyna togalanyp gidýär. Halid bin Welid atylan ok ýaly bolup, sellesiniň yzyndan ylgap gidýär. Ýanyndakylar oňa: «Beýdip özüňi howp astyna atma!» diýşip gygyryşýarlar. Şeýle-de bolsa, ol duşmanyň gürmeginden sellesini alyp çykýar. Soň-soňlar ol bu barada: «Köp ýyldan bäri sellämiň içinde pygamber aleýhyssalatu wessalamyň saçynyň üç sany taryny saklap gelýärdim. Şol gezek duşmanyň eline geçäýer öýdüp gaty gorkupdum» diýip gürrüň berýär.
***

Halid bin Welid ýaly beýik serkerde Muhammet aleýhyssalatu wessalamy nädip söýmelidigini, oňa nä derejede hormat goýmalydygyny şu hadysanyň üsti bilen bize ders berýär, ony öz janyndanam eý görýändigini görkezýär. Megerem, ol özüne nesip eden ýeňişlerden öte gymmatly zady ýanynda göterip gezmekligiň berekedine aň eden bolsa gerek. Eger şeýdip gymmatyna laýyk söygi, mertebesine muwapyk hormat görkezilmedik bolsady, pygamberimize (s.a.w.) degişli ýadygär eserler bu güne çenli saklanyp galmasa-galmazdam.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s