DÜRDÄNELER

Akylly adam töweregindäkileriň güýjünem öz hasabyna ulanyp bilýän adamdyr. Akylsyz we emelsizler bolsa, ol güýji ulanmag-a beýlede dursun, gaýta ili günäkärläp gezmekden teselli gözlärler.
***
Hemişe daş-töweregindäkileriň üstüne gygyryp, gohlap ýörenler arzuw edişleri ýaly däl-de, onuň tersine, dostlaryny özlerinden gaçyryp, duşmanlaryny güldürerler.
***
Ýekeje ýylgyryş bilenem bolsa, gardaşyňy begendirjek bol.
***
Durmuş merdiwanyndan çykyp barýarkaňyz gabat gelýän adamlar bilen hoşamaý boluň. Sebäbi aşak düşüp barýarkaňyzam olar bilen gabatlaşaýmagyňyz ahmal.
***
Günüň ýaşyp barýan ýurdunda kiçi adamlaryň uzyn kölegeleri bolar. Günüň dogup barýan ýurdunda bolsa, kiçi adamlar özleriniň kiçidiklerini bilerler.
***
Söýgi bir tohumdyr, ýürekleriň tohumyny garnynda götär. Akyl saýasynda güýçlener. Topragyň bitginliligine we suwuň arassalygyna görä miwe berer.
***
Ýumşak gürle-de ýürekleriň gapysy açylsyn; mährem bol-da “wyždanlar” pikirleriňi içerik alsyn; ak ýürekden hereket et-de täsiri uzaga çeksin.
***
Naýbaşy (ideal) ynsan öz isleg-arzuwlaryna garamazdan şem kimin ýanar we başgalaryna-da ýagty saçar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s