Aşyk garyp

Bir garyp ýigit patyşanyň gyzyna aşyk bolýar. Ol şol jelagaýlaryň tanymal derwüşiniň ýanyna baryp, özüniň namut derde uçrandygyny aýdýar. Ondan kömek soraýar. Derwüş oňa: «Oglum, şähere girilýän ýerde otur. Senden näme sorasalar, diňe «Alla» diý, başga zat diýme!» diýýär. Garyp oglan diýleni edýär. Günler geçýär, aýlar geçýär. Şäheriň girelgesinde duran bu ýigidiň agzyndan «Alladan» başga söz çykmaýar. Hälki derwüş hem her gün onuň iýmitini ahmal etmän getirip durýar. Agzyndan «Alla» sözünden başga kelam çykmaýan bu ýigit halk arasynda meşhurlyk gazanmaga başlaýar. Ol baradaky gürrüňler ahyry patyşanyň hem gulagyna baryp degýär. Patyşa-da bu ýigit barada gyzyklanyp ugraýar. Häki derwüşi ýanyna çagyryp, ondan ýigit hakynda sorag-ideg edýär. Derwüş hem ýigidiň döwrüň uly alymlarynyň biridigini aýdýar. Patyşa ýigidi görmäge gidýär. Haçanda patyşa ondan: «Sen kim? Nähili derdiň bar? Näme isleýärsiň?» diýip soranda, ýigit patyşa diňe «Alla» diýip, jogap bermek bilen çäklenýär. Başga ýekeje sözem geplemeýär. Onsoň derwüş agşam ýigidiň ýanyna baryp, «Patyşa tä gyzymy bereýin diýýänçä, ondan zat diläýmegin» diýip sargaýar. Ýene bir gün patyşa ýigidiň ýanyna gelip, oňa şeýle diýýär: «Seniň islegiň näme? Eger isleseň, seni gyzym bilen öýlendireýin!» Derwüş üçin her näçe geň hem bolsa, ýigit patyşanyň bu teklibine-de şeýle diýip jogap berýär: «Ýok islemeýärin. Indi ony hem islemeýärin. Owwal başda Biribardan başga zadyň hatyrysyna «Alla» diýmäge başladym. Patyşa öz aýagy bilen huzuryma geldi. Meniň ýaly garyp biçärä gyzyna öýlenmegi teklip etdi. Allanyň hatyrysyna «Alla» diýen bolsadym, kim bilýär, nämeler bolardy!? Mundan beýläk Ondan başganyň adyny dilime almaryn, Ondan gaýry zat islemerin!»
***
Ony tapan nämäni ýitirer, Ony ýitiren nämäni tapar?
Ol islese, zyndanlar köşk, köşkler zyndan bolar.
Hawa, adam bütin jany-teni bilen:
«Pany men, pany zady islämok.
Ejiz men, ejiz zady islämok.
Ruhumy Rahmana bagş eýledim, gaýrysyny islämok.
Isläýärin, ýöne Baky Ýar isleýärin.
Zerre men, emma ýaşmaýan Gün isleýärin.
Hiç içre hiç men, emma bu barlyklaň baryn isleýärin» – diýip bilmeli.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s