Lummurdap akyp duran Gatakaryň boýy bilen uzalyp gidýän arpa meýdanlary öwüsýän şemaluň ugruna ýuwaşja ygşyldaşyp otyrdylar. Saralyp, ýaňy bişip ugran, altynsow reňki gözüňi dokundyrýan ekiniň gyrasyndan ýöräp barýan elleri pilli iki sany ýaş gelin suw açan pelleriniň gädiklerini bekläp ýördüler. Olaryň güne agaryp, solup giden ýamaly egin-başlaryndan, horluklaryndan ýaňa ýaňaklary içine çöküp duran ýüzlerinden,her jaýrygynda ýumurtga guzlaýmaly bolup giden gataňsy ellerinden durmuşyň agyr labyrynyň astynda urunýandyklaryny aňmak kyn däldi. Olaryň biri bekläp bolan böwediniň üstüne ýene birki pil gum atdy-da, halys ýadap aşak oturdy. Bäş- alty düýp arpanyň başyny aşak egip,aýasynda sypalap oturşyna, olara nebsewürlik bilen syn edip:
− Orazgül jan! Bu gurbany gitdigim haçan bişerkä? Tizräk bişse, bizem unundan çörek ýapyp, hezil edip doýsakdyk! − diýip,ýanyna gelip oturan gelne ýüzlendi.
−Wah, näsini aýdýaň? Ýene azajyk sabyr et Jeren jan! “Umytly guş käbä ýeter” diýipdirler – diýip,Orazgül göwünlik berdi. Jeren onuň aýdýanlaryny geň görýän ýaly, Orazgülüň ýüzüne dikanlap seretdi. Soňra umytsyzlyk bilen başyny sallady:
− Wah, zeýrenmelem däl weli, şu günler halys degnama degýär. Mämmediň puronta şol ilki gidenindäki ýazan hatyndan bäri, indi üç ýylyň içidir, ne habar bar, ne-de hatyr. Şoldur meni ýykan jorajan! Gün-günden umydym azalyp barýar. Göwnüme bolmasa petekçiniň getirýän şum habary meňem gapymy kakaýjak ýaly bolup dur.
−Agzyňdan haýyr açaweri Jeren! Bolup oturşyň nähili? Entek belli habary gelenok ahyry! O bendäň uruşýan ýerinde kagyz-galam bolmasa bilýäňmi? Biziňkiler şu günler girmany ýaman urýamyşlar. Kowalap sürenlerine dykjakmyşlar. Şol başagaýlykda hat ýazmaga eli degmeýän bolsa bilýäňmi? Nesip bolsa biziňkileriň ýeňjek günleri daş däl diýýärler. Sag- aman dolanyp gelip, maňlaýyňdan dirär weli şu günleri ýaşamadyk ýaly bolarsyň. A gyz, sen Mämmet bilen iki aý töweregi bile ýaşaşdyň öýdýän? Biz-ä bir hepde-de goýmadylar.
−Howwa-la gyz, Aýmyrady dagy bir hepdä-de ýetirmän gujagyňdan sogrup alyp gitdiler. Ýöne näme-de bolsa siziňkilerden hat-habar gelip dur. Ýagdaýyny häli-şindi eşidip dursuň.
−Gaýrat et jorajan! ”Çykmadyk janda umyt bar” diýipdirler. Alla ýol berse hatam geler, halyňam sorar.
Bular esli salym derdinişip, biri-birine göwünlik berip oturdylar. Gaýtjak wagtlary suwy düzgün edip, gije suw artyk düşer gorkusy bilen böwede çöp basdylar. Günem ikindi ýerine golaýlapdy. Töwerekde ulagly bolmansoň, irgözinden oba tarap ýola düşdiler. Jeren ilkibada Orazgüle eýerjek bolsa-da, soňabaka eňki agyp, ayaklary diýen etmän ugrady. Ysgyndan gidip,özüni ýere goýberdi.
−Jeren jan,gaty ýadadyňmy? Hany,men goltugyňa gireýin. Ýene biraz ýöresek ýetýäris- diýip,Orazgül oňa söýget berip ýöredip başlady.
−Orazgül jan! Şu wagt açlykdan aklym çaşyp barýar-da! Eltimiň çülpe çagajyklaryna dözmän, öz paýymam şolara paýlap beräýýädim.
Olar söýenişip baryşlaryna oba girdiler. Orazgül çetki öýleriň birinden çykan birki sany gyz bilen Jereni öýüne getirip, düşegiň üstünde ýatyrdy. Daş işikde söýelgi duran meşikden suw alyp, Jereniň agzyna tutduran eltisi Aknabat:
−Başyňa döneýin geregim! Halys tabyň gaçypdyr-a! Sen ýat-da özüňe gel, turjak bolmagyn! Men häzir bir zatlar taýynlaýyn- diýip, iki ýana zowzuldap ugrady. Onuň ýagdaýyna düşünip duran Orazgül:
−Aknabat gelneje! Öýümde biraz urba bardy. Sen otuňy ýenjiber, men derrew alyp geleýin- diýip,öýüne tarap ýelk ýasady. Gelerine göz dikip garaşyp oturan gaýynyna Jereniň ýagdaýyny aýtdy. Dessine kendirigini kakyp, bolanja urbany bir okara saldy. Jereniň öýüne golaýlaberende öýden eşidilýän goh-galmagaly, agy sesini eşidip, ädimini haýallatdy. Onýança-da, içerden atylyp çykan Aknabat Orazgüli görüp:
−Jeren görgüli aklyndan azaşdy! Näme diýýänini özem bilenok, bir zatlar samrap, yzyndanam aglaýar. Indi näme etsemkäm janlarym?- diýip, aglap başlady.
Ýakyn garyndaşlary, goňşy-golam aýallar Jereniň daşyna üýşüp, ony her zat edip saklajak bolýardylar. Açlygyndan ýaňa akly çaşan Jeren turjak bolup dyzaýardy. Tebip gelensoňam onuň halyy gowulaşmady. Urnup-urnup, ahyrynda daň atyp barýarka jan berdi. Üç-dört sany ýaşuly jaý gazmaga gonamçylyga gitdiler. Galan ikilek-üçlek aksakallar merhumuň jynazasyny okap, tabydy furgona ýerleşdiler. Gölegçileriň ýoly Jeren gelniň düýnki suw tutan arpaly meýdanyň deňinden geçýärdi. Ýuwaşja öwsen ýeliň ugruna ygşyldaşyp oturan arpalar, soňky ýoluna barýan gelniň arzuwyna ýetip bilmän gidenine gynanýan ýaly başlaryny ýaýkap otyrdylar.
