ÖZÜŇ BOL!

Günlerde bir gün tokaýyň şasy ýolbarsyň emri bilen haýwanlaryň arasynda aýdym aýtmak bäsleşigi guralýar. Ýaryşda ýeňiji bolana hiçbir ýyrtyjy haýwan azar berjek dälmiş.
Eşek ýaryşa gatnaşyjylaryň biri hökmünde aýdymyna başlapdyr. Aýdym aýdyp durka, özünden başga hemmeler gulagyny ýapýar. Parasatly pyşbagadan başga oňa el çarpan hem bolmandyr.
Tokaýda ýaşaýan ähli haýwanlar gezekli-gezegine öz başarnyklaryny görkezipdirler. Gezek bilbile ýetipdir. Ol özüniň näzijek sesi bilen aýdym aýtmaga başlapdyr. Bütin tokaý bu owaza jadylanan ýaly bolupdyr. Hemmeler birinjiligiň bilbile berilmegini isläpdirler. Edil şol wagt hem totuguş bir ýerlerden peýda bolup, gezegiň özüne ýetendigini aýdyp, orta çykypdyr. Ol bilbiliň we özünden öň aýdym aýdan ähli jandarlaryň agzyna birin-birin öýkünipdir. Onuň bu ukyby ýolbarsyň hem göwnüne ýarapdyr. Totuguşy ýeňiji diýip yglan etjek bolup durkalar, paýhasly pyşbaga ýolbarsa ýüzlenip:
– Hormatly şahym! Bilşimiz ýaly, her kim bu ýaryşa öz sesi bilen gatnaşmalydy. Emma biz totuguşyň öz sesini diňlemedik. Indi bolsa onuň öz sesi bilen aýtmagynda hem bir aýdym diňlänimizden soňra, ýenijini kesgitlesek, has ýerlikli bolardy – diýipdir.
Emma totuguş başgalara öýkünip ýörmekden ýaňa, öz sesini birwagt unudan eken. Şeýlelik bilen bilbil bu bäsleşikde ýeňiji bolupdyr.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s