Kimdir biri her gün Medinäniň garyp maşgalalarynyň gapysyna gizlinlikde içi azykly torba goýup gidýän ekeni. Bir günem irden turup seretseler, hemişeki gelýän şol torbanyň ýok diýýär. Az wagt geçmänkä, bütin Medine şäheri Zeýnelabidin hezretleriniň ölüm habary bilen sarsýar. Medine ýasa bürenýär. Zeýnelabidin hezretlerini ýuwýan ymam onuň arkasyndaky ýaralary görüp, haýran galýar. Ehli-beýtden bir adam bu ýaralaryň döreýşi barada oňa şeýle gürrüň berýär: «Zeýnelabidin hezretleri her gün irden azyk salyp, taýýar edip goýan torbalaryny arkasyna alyp, hiç kime syzdyrman, garyp maşgalalaryň gapysyna daşaýardy. Adamlar gapylarynda duran torbalaryň kimiň getirip gidendigini bilmän galýardy. Bu ýaralaryň sebäbi, ana şol torbalar bolmaly».
* * *
Bu gün hem adamlaryň derdini ýeňletmäge, olara ylym-bilim bermäge, ruhy taýdan terbiýelemäge synanyşýan, kimdigi näbelli gahrymanlara döwrümiziň Zeýnelabidinleri diýsek, lap bolmasa gerek.
