Ählumumy dil

Bir adam toparlanyşyp duran ýigdekçeleriň ýanyna gelýär. Olara az-kem pul berýär-de, şeýle diýýär: «Ine, şuňa göwnüňiziň islän zadyny alyp iýiň!» Olar puly alýarlar. Olaryň birisi pars ekeni. Ol:
― Muňa «engur» alalyň – diýýär. Arap ýigit bolsa:
― Lä (ýok), «ineb» alalyň – diýýär. Üçünjisi, türk bolan ýigit:
― Men siziň diýýän zadyňyzdan hiç haýsyny islemeýärin. «Üzüm» almaly bolarys – diýip tutdurýar. Olaryň ýene biri grek eken. Ol bolsa:
― Bolmaz, «Istafil» bolmasa bolmaz – diýip, garşy çykýar. Şeýdip, bularyň arasynda dawa turýar. Beýleräkde olaryň bolşuny synlap duran bir adam ýigitleriň ýanyna gelýär we olary gök bazaryna alyp barýar. Eline üzüm solkumyny alyp, olaryň hersinden «Sen şuny isleýärmiň?» diýip sorap çykýar. Görüp otursalar, ýigitleriň hemmesem şol bir zady isleýän ekeni. Mesele aýdyň bolýar.
* * *
Ynsan söýgä, merhemete, duýgudaşlyga mätäç. Ynsan söýginiň «diline» düşünýär. Şunuň ýaly ählumumy diliň bardygyna göz ýetiren döwrümiziň ýaş-ýegtinjekleriniň her biri aýratyn döwletden we düýbünden tapawutly medeniýetden bolan ynsanlar bilen dil tapyşyp, dost-dogan bolup bilmegini diňe şol umumy dilde gepleşip bilmekleri bilen düşündirse bolar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s