Şeýbany Rai hezretleri goýun çopany eken. Haçanda, juma güni ýetip gelende, ol süriniň töweregine çyzyk çyzagedin, juma namazyny okamaga gidiberýän eken. Möjekler şol çyzykdan içerik aýagyny sekmeýän eken. Goýunlaram çyzylan şol çäkden daşary çykmaýan eken.
* * *
Ynsanlar hem ruhy dünýäsini howp-hatardan goramak üçin şeýle hili ygtybarly ruhy halkanyň çägine girmelidirler. Ahlaksyzlyk, azgynlyk belasyndan şeýdip goranmalydyrlar. Şonuň ýaly ruhy galalaryň hormatyna Allanyň ynsanlara hemaýat edýändigine mysal näçe diýseň kän. Meselem, azgynlygyň rowaç tapan ýurtlarynda açylan mekdeplerde zähmet çekýän ýaşlar diňe şu hili ruhy çägiň içine girip, Allatagala sygynmak bilen özlerini gorap bilýän bolsalar gerek. Ýeke biriniň yhlas bilen okan «ejirnä» dogasy olaryň hemmesini ylahy goragyň astyna alýan bolsa bilýäňizmi?!.
