Şäherde ady belli zergärleriň biriniň elinde işleýän Berdi ýaňy-ýakynda çeperçilik mekdebini gutarypdy. Ýiti zehini bilen özüni aldyran Berdi kärine hasam ökdeläp, kömekçilikden aýrylyp, gelýän buýurmalary özbaşyna alyp başlady. Hemme zadyň abyny-tabyny alansoň, öýlerinden aýratyn ussahana açmagyň ugruna çykdy. Ýygnanjasyny toplansoňam esli karz-kowala çümüp, gerekli iş gurallaryny edindi. Ýuwaş-ýuwaşdan dokuzyny düzetdi. Öňki işlän ýerinden belli-küli hasaplaşyp gaýdan güni halypasy oňa:
−Oglum! Şu aýtjak öwüdimi hiç-haçan ýadyňdan çykarmagyn! Zergärçiligiň köki halallykdan başlanýandyr. Hemme hünärde-de arassalyk gerekdir welin, şu kärde hasam seresap bolmaly. Niýetiňi päk tutup işleseň, gurbany gitdigim hiç wagt hor etmez. Mydama mertebäň belent bolar. Emma nebsiňi öňe salyp, päliňi bozan günüň weli, itden egsik har eder. Haramlygyň golaýyndanam baraýmagyn- diýip, nesihat berdi.
Berdiniňki örän şowuna düşdi. Ýasaýan zatlary nepis, owadan bolansoň işi ýetikdi. Ýeke özi ýetişibilmän, jigilerini hem ýanyna kömekçi edip aldy. Altyn-kümüş şaý-sepleriň söwdasyny edýän daýzalar bilen arasyny sazlan Berdi öň işi bazara gidip özi alýan bolsa, soňabaka müşderileriň özleri gelip başladylar.
Ilki bilen täzeje awtoulag edinen Berdi bir ýyl geçip-geçmänkä-de öýlendi. Öýleriniň içini-daşyny birkemsiz abatlandan soňra şäheriň iň mähelleli ýerleriniň birinden dört otagly öý satyn alyp, rysgyny aýyrdy. Aşagyndaky giň ýerzeminde zergärçilik ussahanasyny açan Berdiniň indi öz eli, öz ýakasydy. Gazanany özüniňki bolup, ejesi-kakasynyň öňünde hasabat bermeli aladasy ýokdy. Ýöne ol soňky wagtlar başga biriniň öňünde hasap geçip ugrady. Olam öz söýüp alan gelinjigi Aýnady. Ýatan çöpi galdyrmaýan, çagasyna-da goňşusynyň gyzyny hakyna tutup seretdirýän Aýnanyň bar işi hasap-hesipdi. Adamsy ussahanada işleýän wagty ýanynda seredip oturyp,hemme zadyň abyny-tabyny alansoň, ýuwaşlyk bilen Berdiniň daşyndan tor aýlap başlady:
−Aý oglan! Eremäge gelen gyzyllaryň içinde täzeje elli gramlyk “kardinal” zynjyr bar eken-dä. Ýekeje ýeri üzülipdir. Şony bejerip, meniň otuz gramlygym bilen çalşyp beräý-dä!
Ilkibada böwrüni diňlän Berdi perizadynyň ýüzünden geçip bilmedi. Soň ýene bir gün adamsynyň täze ýasap bolan tumaryny terezide çekip gördi:
−Gyýw oglan! Ýaman agyr çykarýaňla? Beýtseň iki günden tüwmaýak galarsyň-da! Indikileriňi bir ýeňilräk ýasaweri!
Şeýdip, öň kemsiz ýasalyp, doly agramy bilen çykýan şaý-sepler ýeňläp ugrady. Soňra olaryň düwmeleriniň içine atylýan gyzylyny kemelden Berdiniň nebsi oýanyp başlady. Aýaly hem gapdalyndan dürtýärdi:
−Şol düwmeleriň içine atylýan gyzylyň ýerine mis atsaňam hiç kimiň biljek gümany ýok. Tygşytlap bilseň özüňe peýdadyr-da.
Berdiniňki çüwýärdi. Öňki münüp ýören maşynyny satyp, täzeje “Avalon” edindi. Şäheriň eteginden uly howly satyn alyp,içini-daşyny bir gyldan bezedi.
Göräýmäge hemme zat gül ýaly ýöräp durdy. Emma soňky günler näme üçindir, gyzylçy daýzalar iş bermelerini kemeltdiler. Söwdasynyň aýlanşygy peselip, soňabaka zyýana galyp ugran Berdiniň özi olaryň üstüne gatnap başlady. Emma her gezek baranda:
− Şu günler bazarda gülýaka kän ýöränok. Alyp gidenem bäş günden soň “düwmesi garalýar” diýip, yzyna getirýär. Öňkülerimizem satyp bilemizok- diýip, boş goýberýärdiler. Ol soňky wagtlar çykalga tapman, kömekçilerini aýryp başlady, soňabaka diňe iki sany jigisi galdy. Halys ugruny ýitiren Berdiniň indi gündelik sowýan çörek pulam hasaplydy.
Bu bolýan şowsuzlyklaryň üstüne hasam agyr goşa urgy goşuldy. Bir gün Berdi tutuş maşgalasy bilen garyndaşlarynyň toýuna gidende yzlarynda soňky alan öýi ot aldy. Ýangyn söndürijileriň zordan öçüren howlusynda alar ýaly zat galman, hemme zat kül bolupdy. Jaýyny oňarjak bolup eden bergisinden çykmanka-da, magazinden çörek alyp gelýän gelni maşynyň aşagyna düşüp, iki aýagynam döwdüripdi. Maýyp bolan gelnini aýak üstüne galdyrjak bolup, maşynyny geçen ýerine satdy. Jigilerem başga işe ýerleşensoň Berdiniň ýeke özi galdy. Öňki döwleti gaýdansoň iş gözläp, eýläk-beýläk urundy. Ahyrynda-da, ilki bereket tapan ýeri bolan halypasynyň ussahanasynyň işiginden geldi. Gözüne yssy görnen ussahananyň gapysyndan girmäge Berdiniň näme üçindir, bogny ysmady. Birdenem onuň beýnisinde halypasynyň şol aýdan sözleri ýyldyrym çakan ýaly ýaňlanyp gitdi. ”Oglum! Niýetiňi päk tutup işleseň, gurbany gitdigim şu kär hiç wagt hor etmez. Mydama mertebäň belent bolar. Emma nebsiňi öňe salyp, päliňi bozan günüň weli, itden egsik bolarsyň!”
