Giç öýländen soň Tejenden dolup, iki sagada ýetmän Aşgabada gelen Seýran, getiren ýolagçylaryny düşürmeli ýerlerine elten soň, köne aeroportdaky taksi duralga geldi. Bu günler baýramçylyk bolansoň, täze alan maşyny bilen kireý edýän Seýranyň keýpi daş ýarýardy. Adam köp, maşynam az. Agzyňdan çykan nyrha-da münüp durlar. Ynha, şäheriň içinde aýlanýan awtobusdan düşen iki sany oglan goşlaryny göterip,Tejene gidýän maşynlaryň ýanyna geldiler. Seýran ilki bolup, bulary garşy aldy:
– Oglanlar, Tejenemi?
– Howwa. Gidýäňmi?
– Geliň şu maşyna münäýiň, ýene-de iki adam gelse gitjek.
– Nyrh näçe?
– Ýüz elli.
Oglanlaryň lapy keç boldy:
-Baý-ba, ýaman uçurdyňla-how agam? Günortanam segsene gidip durdular.
Seýran tumşugyny dik asmana tutdy:
−Gün ýaşyp barýar inim! Gatnap ýörensoň bilýänsiň-ä, gije gymmatlaýanyny?
Oglamlaryň biri beýlekisine ýüzlendi:
−Ýör, beýlekilerem göräýeli-le!
Maşyn az bolan soň, beýlekilerem şol bir nyrhy diýdi. Olar aýlanyp- dolanyp, iki sany gyzy maşynyna mündirip duran Seýranyň ýanyna gelip, aýak çekdiler. Ol oglanlara gözüni gypdy:
−Münseňiz-ä göni ýörejek. Nyrham gördüňiz, eşitdiňiz. Menem durmaýyn, sizem durmaň.
Bularam alyp, sanlyja minudyň içinde şäherden çykan Seýran içinden hasaplap ugrady. ”Şu wagt laýyk sekiziň ýary. Gidişim iki sagat, yzyma-da iki sagat. Benzin guýanyň, adama garaşyp duranyňam ýarym sagat eken-dä. Dört ýarym sagatda aeroporta gelibilsem laýyk on iki bolýar. Tüýs maşynyň ýok wagty. Şoňa çenlem bir millionjyk tegeläbilsem, gije ýarymdan soň adam başyna iki ýüz diýeňde-de bolup dur. ” Ol Änewiň postundan geçip, tizligiň dilini 160-a mündürdi. Zymdyrylyp barýan maşyn ýerden ýöremän, göýä uçýan ýalydy. Emma uzak gitmedi. Ýaşlyga ýetip barýarka, ýoluň ugrundaky baglaryň arasyndan çykan eli radarly ýol polisiýasy Seýranyň bar keýpini aldy. Ol dokumentlerini alyp, poliseýiň gelerine-de garaşman, ylgap öňünden çykdy. Ýöne munuň ýalbar-ýakaryna gulak asmadyk poliseý degişli jerimäni ýazdy. Içi ýanyp duran Seýran maşyna münüp ugransoňam, paýyş sögünjiräp, esli wagtlap ýeli ýatmady. Sürüşem öňkiň çaky däldi. Yzyndaky oturan gyzlaryň janlary bokurdaklaryna geldi. Biri durup bilmän:
−Şofýor! Beýdip sürjek bolsaň biz-ä düşjek- diýip, janyýangynly gürledi. Häli-şindi maşyndaky sagada seredip, öňki hasabyndan gijä galyp barýan Seýran olary arkaýyn etjek boldy:
−Jigim, kireýçileriň arasynda iň ýuwaş sürýäni men. Sizi tizräk eltjek bolup howlukýan, siz arkaýyn oturyň.
Ol garşydan gelýän maşyny geçirjek bolup, öňünden barýan üsti daş ýükli “KAMAZ”-yň yzyna dykylyp bardy. Onýança-da, ýoluň çarkandagynda böken “KAMAZ”-yň üstünden kelleden sähel kiçiräk daş gaçyp, Seýranyň maşynynyň öňki aýnasyna gütüläp degdi. Aýna jopba deşilmese-de, tutuşlygyna petir bezelen ýaly boldy. Gahardan ýaňa saňňyldap oturan Seýran “KAMAZ”-yň deňine gelip, şofýora ýumrugyny çenedi. Günä özünde bolansoň, hiç zat diýip bilmän geçip gitdi.
Emma howplaryň ulusy entek öňdedi. Duşagyň töweregi ýoluň iň ýaramaz ýeridi. Ýolyň döwlen ýerlerini, çukurlaryny peýläp sürüp gelýän Seýran maşynyň magnitofonyna güýmenip, ahmal galdy. Uly tizlik bilen gelýän maşynyň öňki tekerleriniň biri gülçüldäp çukura düşüp atyldy-da, maşyn taýyp gitdi. Barşyna ýoluň gyrasyndaky dikilgi duran beton gazyklaryň birini kakyp, alatozan boldy. Hernä agdarylmady. Maşyndan düşen gyzlar erbet gorkup, biri-birini gujaklap, aglaşyp durdylar. Seýran düşüşine maşynyň öňüne geçip seretdi. Ahmyr bilen başyny ýaýkady; öň tarapy kül bolup, radiatoram suwuny döküp durdy. Oglanlar munuň ýanyna gelip, göwünlik berensoňlar, goşlaryny alyp, gyzlar bilen uly ýoluň gyrasyna çykdylar. Geçen maşyna ellerini galdyryp duran müşderileriniň yzlaryndan seredip galan Seýran jaň etmäge durdy:
−Alo, Mergen, senmi? Gowumy ýagdaýlar? Senden bir haýyş etjekdim. Men şu wagt Duşagyň deňinde durun. Teker atylyp, ýoldan çykdym. Maşynyň öňem zaýalandy. Gaýrat et-de, gelsene. Maşyny ussa tabşyramyzdan soň, senem razy ederin. . . . . . . . . . . . .
