Bir owurt suw

Harun Reşit bilen Şakyky-Balhy hezretleri öz aralarynda söhbet edýärmiş. Şakyky-Balhy oňa şeýle sowal berýär:
– Eý, halyf! Aýdaly, sen çöl-beýewanda azaşýarsyň. Suwsuzlykdan ýaňa ölmegiň bäri ýanyna gelýärsiň. Bir ýerlerden eli tulumly adam peýda bolýar. Ol suwdan doly şol tulumyny saňa satjagyny aýdýar. Aýt bakaly, şonda sen oňa näçeräk pul berersiň?!
Halyf Şakyky hezretleriniň bu sowalyna ýylgyryp:
― Näçe islese-de bererdim – diýip jogap berýär. Şakyky hezretleri ondan:
― Baýlygyň ýarysyny islese-de berermiň? – diýip, täzeden soraýar. Harun Reşit:
― Elbetde, bererdim – diýýär. Şakyky-Balhy hezretleri «Dogry aýdýarsyň» diýýär we sözüni şeýle dowam edýär:
― Eý, halyf! Diýeli, baýlygyň ýarysy berip alan suwuňy içdiň. Az müddetem bolsa ýaşaýşyňy dowam etdirmek mümkinçiligi döredi. Ýöne az salym soňra ýaňky içen suwuňy daşaryk çykarmaly bolýarsyň. Emma indi buşugyp bilmeýärsiň. Ýarylara gelýärsiň. Ýene-de ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Şol wagt ýene-de hälki ýaly birisi gelýär-de, «Seniň bu keseliňi bejerip bilerin, ýöne baýlygyň beýleki ýarysyny bermeli bolarsyň» diýýär. Şonda sen oňa näme diýip jogap berersiň?
Şakyky-Balhy hezretleriniň bu sowalyna Harun Reşit hiç pikirlenmän:
― Elbetde, razy bolardym – diýýär. Şonda Şakyky-Balhy hezretleri:
― Ine, görýäňmi, eý müminleriň emiri! Ilki içýän, soňra-da buşugyp daşary çykarýan bir owurt suwça gymmaty bolmadyk baýlygyňa buýsanmaly däl ekeni! Hiç kimiň ýanynda mal-emlägiň bilen öwner ýaly däl ekeni! – diyýär.
* * *
Hawa, ynsan bu dünýä inende ýany bilen getirmeýän, gidende-de ýany bilen äkitmeýän baýlygyna buýsanmaly däldir. Ol şu dünýäniň özi ýaly gazanan zadynyň hem her dem harap bolup biljekdigini unutmaly däldir. Mal-emlägiň özüni ýoldan çykarmagyna rugsat bermeli däldir. Nijeme binalaryň pursatlyk gelen ýer yranmalarynda weýran bolup gidişini hergiz hakydasyndan çykarmaly däldir.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s