Sag böwreginden agyry peýda bolan Daňatar aga özüçe eden em- ýomlaryndan haýyr tapmansoň, ogullarynyň zoruna çydaman Baýramalynyň böwrek sanotoriýasyna ýerleşdi. Onuň bolýan palatasynda ýene-de iki sany adam bardy. Olaryň elleri mydama galam-kagyzly, kitaplydy. Dymmarak adam bolan soň, Daňatar aga olar bilen kän öwrenişip gidibermedi. Ol dargursakdan ýelýürekdi. Sähel zady alada etse, gijesini çirim etmän çykýan adamlardan bolan soň, oba arasynda tutulýan ady “Daňňa dowulçydy”.
Tomsuň uzak günleriniň birinde Daňatar aga nobatdaky bejergisini alyp, palata geldi. Howa petiş bolan soň, oturyp karar tapman daşaryk çykdy. Baglaryň aşagyndaky skameýkalaryň birinde iki bolup, bir kagyza dümtünişip oturan palatadaşlarynyň golaýyna gelip, olaryň bäri ýüzündäki skameýkada jaýlaşdy. Olar dünýäden bihabar hümürdeşip oturyşlaryna daýaw, ýylçyr kelleli ýanyndaka ýüzlendi:
−Ine, şuňa üns ber! Şu ýerde ony öldürsek has gowy boljak.
Gapdalyndaky oturan onuň görkezen ýerini okap, pikirini unamady:
−Ýok, bu ýerde däl. Entek dowam et. Bärden palata baran soň, ol ýerde öldürsek tüýs ýerine düşer.
Olaryň hümürdisini eşidip oturan Daňatar aga ilki olara, soňam daş- töweregine seretdi. Olaryň ýanynda özünden başga jemende bolman soň, ony gorky gaplap aldy. ”Eý Alla! Meni öldürer ýaly näme ýamanlyk gördülerkä? Öldüräýseler? Tüýs ganhorlara sataşdym öýdýän”. Onýança-da ýene-de ýylçyr kelläniň hümürdisi eşidildi:
−Şu ýerde öldürip dynaly-how şuny!
−Ýok, palata eltseň has gowy bolar. Ölümini dogtorlardan görer ýaly etjek bolmaly – diýip, beýlekisi garşy çykan soň, ýerlerinden turup, bärligine ýöräp ugradylar. Bularyň gelýänini gören Daňatar aganyň injigi sandyrap başlady. Olar munuň ýanlaryna ýetenlerinde ikisem:
−Salawmaleýkim ýaşuly – diýip, salam berdiler. Emma bularyň beren salamy gulaklary gapylyp, saňňyldap oturan Daňatar aga azmly sögülen paýyş söz bolup eşidildi. Bular geçip gidensoňlaram hümürdileri ýatmady:
−Şu ýaşulynyň bolşy ýaman geň-aý, salamam kä alýar, käte-de ýüzüňe seredäýýär.
−Dertli adamdyr-da galamdaş. Kellesinde müň pikir bardyr.
Gara dere batan Daňatar aga olar gidensoňlaram esli wagtlap yzlaryndan seredip oturdy. Ýuwaş-ýuwaşdan özüne gelip başlady. “Haý ýezitler, sizem-ä ganhorsyňyz weli, menem-ä janymy ýoldan tapamok. Öňräginden äweýin-de, milisgä jaň edeýin. Olar gelýänçä öldürip ýetişäýesiňiz ýok”. Ol nobatçynyň oturýan ýerine garşy ýelk ýasady. Süýr günorta bolan soň, hiç kimiň ýoklygyndan peýdalanyp, duran telefondan 02-ä aýlady:
−Asudalyk bölümi diňleýär!
Daňatar aga demi-demine ýetmän gygyryp ugrady:
−Alýo! Milisgemi? Ýetişeweriň, meni öldürjek bolýarlar. Özlerem iki sany. Halas edeweriň! Ýaňam öldürjek boldular.
−Siz kim? Nireden jaň edýäňiz?
−Men Daňatar aga. Sanatorýada. Daş howlyda gezip ýörün.
Trubkany goýup, daşaryk çykanam şoldy welin, ýaňky ikisi naharhanadan çykyp,göni Daňatar aganyň duran ýeri bolan esasy girelgä tarap ýöneldiler. Ýylçyr kelleli daýaw pyýadanyň elindäki pyçagy gören Daňatar aganyň imany uçdy. ” Jan Allam! Ýetişeweri atam-babam! Bu ganhorlar-a meni palata-da ýetirjek däller-ow” diýip pyşyrdady, gyssanyp gaçjak boldy. Emma aýaklary diýen etmän, agramyna ýykyldy. Gorkudan ýaňa saňňyldap, rowgaty gaçan dyzlaryna daýanyp, gabadyndaky diwara söýendi. Olaram ýuwaşlyk bilen ýöräp, muňa golaýladylar. Ýylçyr kelleli elindäki pyçagy ýanyndaka uzatdy:
-Şuny üýtgedelimi ýa-da bolýarmy? Gaty ul-a däl.
−Uly bolmaz. Hany, indi palata baryp galanynam bitireli – diýip, içeri girmek üçin uly gapa geldiler. Olaryň öňünde diwara söýenip, bar gürrüňlerini eşidip duran Daňatar aganyň ysgyny gaçyp, aşak syrygyp gaýtdy. Onuň ýykylanyny gören palatadaşlary ylgaşyp ýanyna geldiler. Olaryň elleri pyçakly üstüne ylganlaryndan Daňatar aga jynssyz gygyrdy:
−Wa-a-a-a-a-a-ý!
Ol özüne gelende daş-töweregi dogtor bilen polisiýadan doludy. Ony göterip getiren palatadaşlary ýerlerinde otyrdylar. Daňatar aga özüni gowy dürsänden soň, poliseýleriň biri oturgyç alyp, onuň başujynda oturdy:
−Ýaşuly! Nähili tabyňyz? Oňatlaşýaňmy? Daňatar aga siz bolýaňyzmy? Bize jaň eden senmi?
−Howwa, men. Size jaň edenem men.
−Size kimler hüjüm etdiler? “Iki sany adam” diýipsiňiz. Olar nähili adam? Ýüzlerinden tanaýaňmy?
Daňatar aga krowatlarynyň üstünde özüne seredip oturan palatadaşlarynyň ýüzlerine gazap bilen seretdi-de, olara tarap ümledi:
−Näme tanaman? Beterem tanaýan. Görýäňmi syr bildirmejek bolup, müýnürgän bolup oturyşlaryny?
Daýaw, ýylçyr kelleli haýran galyp,ýanyndakynyň ýüzüne seretdi. Olam ýöne egnini gysaýdy. Daňatar aga düşen gününi başyndan tä aýagyna çenli gürrüň bermäge durdy. Ilki hiç zada düşünmedik palatadaşlary ilk-ä biri-biriniň ýüzlerine seretdiler, soňam hahahaýlaşyp, gülüp başladylar. Ahyry demini dürsän ýylçyr kelleli pyýada poliseýlere düşündirdi:
−Aý, inim! Biz ganhoram däl, kellekeserem. Hakyky ganhor biziň täze ýazýan romanymyzda. Ine, şu ýerde – diýip, stolyň üstündäki bir topbak kagyzy uzatdy. −Ganhor hakyndaky etsem-petsemlerimizi bu ýaşuly özüne çekipdir-de, başagaý bolup ýörüpdir.
Palatadaky duranlar gülüp hezil edindiler. Adam baryny başagaý edip, dert-azara goýan Daňňa dowulçy bolsa, müzzerilip oturşyna beýlekileriň ugruna zordan ýylgyran boldy.
