Gazaw

Atýatakda oýnan wagtymyz aşakda, söwütlerden ýaňa görünmeýän deräniň gamly şyrryldysyny eşiderdik. Öýümiz içki haýatyň beýik kaştan agaçlarynyň arkasynda görünmeýär diýen ýalydy. Ejemiň Stambula gideni sebäpli, menden bir ýaş kiçi jigim Hasan ikimiz Dadaruhuň ýanyndan hiç aýrylmaýardyk. Bu gartaşan çerkesli adam kakamyň seýisidi. Her gün ir bilen atýataga eňerdik. İň gowy görýän zadymyz atlardy. Dadaruh bilen olary suwa ýakmaga äkitmek, arkasyna münmek, biziň üçin dünýäde hiç zada çalşylmajak lezzetdi. Hasan gorkardy, ýeke münmezdi. Dadaruh ony öz öňüne alardy. Torbalara arpa guýmak, nowalary otdan doldurmak, atýatagy süpürmek, tezeklerini aýyrmak. . . . . , iň gyzykly oýnumyzdy. Hasam beter atlary timarlamak. . . . Iň keýplisem şudy. Dadaruh eline gazawy aldygy, hyrt-hyrt, hyrt-hyrt. . . . . . . bir sagat ýaly güýmenerdi. Bir ýerde durubilmän:
– Menem etjek, menem etjek! diýip, diriň-diriň bökerdim. Dadaruh bolsa meni Tosunyň arkasyna mündirerdi-de, elime gazawy berip:
– Hany, bol hany! – diýerdi. Bu demir guraly haýwanyň arkasyna sürterdim, emma öňki tykyrdysyny çykaryp bilmezdim.
– Guýrugyny bulaýarmy?
– Bulaýar.
– Hany, göreýin!
– Yzyma gaňrylyp seretjek bolýardym, emma atyň sagrysyndan guýrugy görünmezdi.

***

Her gün irden at ýataga gelip-gelmän:
– Dadaruh, timary men berjek – diýerdim.
– Başarmarsyň.
– Näme üçin?
– Sen timar bererden entäk kiçi.
– Etje-e-ek.
– Ulalan wagtyň…
– Haçan?
– Boýuň atyňky ýaly bolan wagty…
……. .
Atýatak işlerinde diňe timar berip bilmeýärdim. Boýum atlaryň garnyna-da ýetmeýärdi. Emma iň hezil zat şoldy. Göýä gazawyň yzygider tykyrdysy Tosuna ýaraýan ýaly gulaklaryny keýerdip, guýrugyny ullakan bir ýüpek torbasy ýaly sallaýardy. Timar gutaryp-gutarman hyýrsyzlanardy-da, oýnajak bolardy. Dadaruh :
– Häýt, – diýip, ýagyrnysyna bir şapbat urardy-da, beýleki atlaryň timaryna başlardy.
Men bir gün atýatakda ýeke özüm galdym. Hasan bilen Dadaruh deräniň kenaryndadylar. Içimden atlara timar bermek höwesi döredi. Gazawy gözledim, tapmadym. Atýatagyň burçunda Dadaruhyň penjiresiz, kiçijik otagy bardy. Ol ýere girdim, tekjeleri gözledim, eýerleriň arasyna çenli dördüm, hiç zat ýok. Düşegiň ýanynda ýaşyl tagtadan bir sandyk durdy. Ony açdym. Begenjimden ýaňa tas gygyrypdym. Onuň içinde ejemiň bir hepde mundan öň Stambuldan iberen sowgatlarynyň arasyndan çykan täzeje gazaw. Dessine aldym-da Tosunyň ýanyna eňdim. Garnyna sürtjek boldum, emma ol rahat durmady, öwrülip burny bilen meni kakdy. Beýleki atlar-da durmadylar.
– Gatyrak ötýär öýdýän, diýdim. Kümüş ýaly ýalpyldap duran bu owadan gazawyň dişlerine seretdim. Şeýle bir ýiti uçludy. Biraz küteltmek üçin diwara sürtäp başladym. Dişleri bozulýança sürtedüm. Ýene-de atlaryň hiç biri durmady. Gaharlandym. Gaharymy gazawdan çykarmak isledim. On ädim ileridäki çeşmä eňdim. Gazawy daşyň üstünde goýup, ýereden göterip biläýjek iň agyr daşy alyp, üstünden inderip başladym. Stambuldan gelen, belkem, Dadaruhyň ulanmaga dözmedik bu owadan gazawyny döwüp, kül etdim. Soňra çeşmä zyňdym.
. . . Kakam her gün ertir bilen daşary çykanda atýataga barardy, eýlesine, beýlesine serederdi. Men o gün ýene atýatakda ýekedim. Hasan öýde hyzmatçymyz Perwin bilen galypdy, ol Hasany suwa düşürjekdi. Kakam çeşmäni synlap durka suwuň içindäki döwlen gazawy gördi. Dadaruhy çagyrdy:
– Bärik gel!
– . . . . .
-Çykar hany şuny!
Gözüm garaňkyrap gitdi. Bilmedim näme üçin, gaty gorkdum. Dadaruham aňk bolup dur. Döwük gazawyny eline alyp, kakam Dadaruhdan muny kimiň edenini sorady. Dadaruh:
-Bilmedim, diýdi. Kakam maňa seretdi. Entek hiç zat soramanka:
-Hasan, diýdim.
-Hasanmy?
-Hawwa, düýn Dadaruh ýatyrka otagyna girdi. Sandykdan aldy. Soňra çeşmäň başynda döwdi.
-Näme üçin Dadaruha aýtmadyň?
-Ýatyrdy.
-Çagyr şony bärik!
-. . . . .
Haýatyň gapysyndan geçdim. Kölegeli ýoldan öýe tarap eňdim. Hasany çagyrdym. Neressejigiň hiç zatdan habary ýokdy. Ylgap yzymdan geldi. Kakam örän gazaplydy. Ýeke gezek alaryp seretse, ýüregimiz agzymyza gelerdi. Hasana:
-Eger ýalan sözleseň ýenjerin.
-Aldamaryn.
-Ýagşyyy, bu gazawy näme üçin döwdüň?
Hasan Dadaruhyň elinde duran gazawa haýran galyp seretdi. Onsoň sary saçly başyny ýaýkap:
-Men döwmedim – diýdi
-Ýalan sözleme diýýän.
-Men döwmedim.
Kakam gaýtalap:
-Dogryňdan gel, gaharlanmaryn, ýalan erbet zatdyr – diýdi.
Hasan şol tutan ýerini sypdyrmady. Kakam gazaplandy, oňa bakan ýöredi:
-Utançsyz ýalançy! – diýip, ýüzüne bir şarpyk çaldy. Hasan sesiniň ýetdiginden aglamaga başlady. Kakam Dadaruha:
-Bar äkit muny öýe! Gaýdybam garasy görünmesin şu jelegaýlarda! Perwiniň ýanynda bolsun! – diýip gygyrdy.
Dadaruh sojap-sojap aglap duran jigimi gujagyna aldy. Haýatyň gapysyna tarap ýöredi. . .
Indi atýatakda ýeke oýnaýardym. Hasan öýde bolýardy. Ýalan sözläni üçin kakam onuň ýüzüne-de seretmeýärdi. Ejem gelenden soňra-da günäsini geçmedi. Aýyn bolmanam „Ol ýalançy” diýerdi. Hasan iýen şarpygy ýadyna düşüp aglap başlardy, zordan diňerdi. Görgüli ejem menden beýle töhmet çykar diýip gümanam edýän däldir.
-Mahaw Dadaruh atlara döwdüren bolaýmasyn diýerdi.
Bu ýyl hem ýaz gelenden ejem ýene Stambula gitdi. Biz ýeke galdyk. Hasana atýataga gitmek entegem gadandy. Gijelerine düşekde ýatan ýerinden atlaryň näme işleýänini, taýlaryň ýagdaýlaryny soraýardy. Ol bir gün birden keselledi. Şäherçä at iberdik, dogtar geldi. „Dümew“ diýdi. Ekerançylykdaky aýallar öýe üýşdiler. Bir topar ala guşlary getirip, damagyny çaldyryp, jigimiň boýnuna daňýardylar. Kakam onuň düşeginiň ýanyndan birjik-de aýrylmaýardy.
Dadaruh örän keýpsizdi. Perwin hünibirýan aglaýardy.
-Näme üçin aglaýarsyň?-diýip soradym.
-Jigiň hassa.
-Gutulmazmy?
-Gutulmaz.
-Onda näme bolar?
-Jigiň öler, diýdi.
-Ölermi?
Menem aglamaga başladym. Hasan syrkawlaly bäri Perwiniň ýanynda ýatýardym. Şol gije hiç uklap bilmedim. Alasarmyk bolup ýatyrkam Hasanyň keşbi göz öňüme gelip, „töhmetçi,töhmetçi˝ diýip gabat garşymda aglap duran ýalydy. Çagalygymdaky dini terbiýäniň gorkulary bilen ýürejim galpyldap durdy. Ertir ahyrýetde. . . Kim bilýär, jigim ol bigünä iýen şarpygynyň hakyny menden nähili çykarjakdy. Perwini oýandyrdym.
-Men Hasanyň ýanynda gitjek, diýdim.
-Näme üçin?
-Kakama bir zat aýtjakdym.
-Näme aýtjakdyň?
-Gazawy men döwüpdim, şony aýtjakdym.
-Haýsy gazawy?
-Geçen ýylky. . . hool, kakam Hasana käýed-ä, ana şol?
Sözümi tamamlabilmedim. Demim demime ýetmän sojaýardym. Aglap Perwine düşündirjek bolýardym. Häzir kakama aýtsam, Hasanam meniň sesimi eşidip, belkem meni bagyşlaýadyda.
-Ertir aýdarsyň, bolýarmy?-diýdi.
-Ýok, häzir gitjek.
-Häzir kakaň ýatyr. Ertir kakaňa aýdarsyň. Hasan hem eşider. Ony ogşarsyň. Aglarsyň. Ol seni bagyşlar.
-Bor!
-Hany, indi ýat.
Daňa çenli gözümi ýummadym. Daň atandan Perwini oýardym. Turduk. Men ýüregimdäki zäherli awyny boşatmak üçin howlugýardym. Emma, neresse günäsiz jigim o gije ölüpdi. Eýwanda obanyň ymamy bilen Dadaruhy aglap durka gördük.
Kakamyň daşaryk çykaryna garaşýardylar!

Ömer Seýfeddin.
Türk ýazyjysy.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s