Tejenden şäherinden gaýdan maşynymyz etrabyň Ak alaň obasyna golaýlapdy. Ýolumyz uly gonamçylygyň deňinden geçýärdi. Bu gonamçylyk “Kümüş Hoja” ýa-da “Kümüş Öwliýä” ady bilen bellidi. Aýat-töwir edenimizden soňra bu gonamçylyk hakda bilesigelijiligim artdy. Kümüş Hoja kim bolupdyr? Haçan ýaşap geçipdir? Bu hakynda garryja mamamdan soran wagtym, ol seýle bir wakany aýdyp berdi:
−Şuwralar gelmezinden has öňräk Mary töwereklerinden ylymly, medresäni gutaran Akmuhammet diýen bir ýaş ýigit Tejene, Abdyjelil işanyňka zyýarata gaýdýar. Ol işan aganyň ýaşaýan şu oba gelip, arabadan düşende, torbasyndan bir kümüş teňňe çykaryp, arabakeşe berýär-de, Abdyjelil işanyň öýüne ugraýar. Onuň beren teňňesini alan neşekeş arabakeşiň nebsi oýanýar. Ol myhman ýigidiň torbasy kümüş teňňeden doludyr öýden güman bilen ony göz astyna alyp, yzarlap ugraýar. Akmuhammet işan aganyň öýüne gelse, ol bir ýana çykan eken. Ol ýerde dem-dynjyny alyp, öýle namazyny okan myhman, goňşy Syçmaz obasynda oturan tanşynyňka tarap ýola düşýär. Iki obanyň arasynda şol wagtlar toraňňyly-ýylgynly gür tokaý bolup, içinden araba geçýän ýol bolupdyr. Akmuhammet ikindi namazyny okamak üçin ýoldan sowlup, özüne oňaýly ýerde namaza durýar. Şol wagtam onuň yzyna garaba-gara düşüp gelýän hälki arabakeş gelip, namazda seždä giden myhmany arkasyndan pyçaklap, torbasyny alyp gaçýar. Esli wagtdan soň, mal bakyp ýören iki sany ýaş oglan myhmanyň jesediniň üstünden gelýärler. Olar merhumy uzyn ýatyryp, oba habar bermäge gidýärler. Obaň adamlaryny alyp gelen oglanlar gözlerine ynanmaýarlar! Olaryň arkan ýatyryp, üstüni ýapyp giden jesedi öňküsi ýaly seždede ýatyr eken! Bolan wakany eşidip gelen Abdyjelil işan muňa gaty gynanypdyr. Ol myhmany jan beren ýerinde depin etdirýär. Ýyllaryň geçmegi bilen onuň töweregindäki obalar dünýeden gaýdan adamlary onuň ýanyna getirip, jaýlap ugraýarlar. Soňy bilen bu ýer uly gonamçylyk bolup gidýär. Onuň çyn adyny hiç kim bilmänsoň, il içinde “Kümüşli Hoja”, “Kümüş Öwliýä” bolup gidýär.
