Keramat

Geçen asyryň 40-50-nji ýyllarynda Babadaýhan etrabynyň (öňki Kirow raýony) Ýarygökje obasynda Annageldi Magtym diýen halatly, akyl-paýhasly demirçi ussa ýaşapdyr. Onuň il içinde ýörgünli ady Ussa Magtym bolupdyr. Ol özüniň hünärine ussatlygy, kiçigöwünliligi, pespälligi, halallygy bilen uly abraya eýe bolupdyr. Hat-ýazuwdan başy çykmasa-da, bir eşiden zadyny ýat tutmagy başarýan üýtgeşik zehinli eken. Ol has irki ýyllarda, tutha-tutlukda Ahal töwereklerinden gaçyrylyp goýberilen bir ahuny öýünde saklap, howandarlyk edýär. Oňa ýaşaýan kolhozyndan çopançylyk kärini alyp berip, özünede “Çopan aga” diýip ýüzlenýär eken. Onuň esasy ussady Gökdepe töwereklerinde ýaşan Seýit işan bolupdyr. Ol Ussa Magtymyň öýüne kän geler eken. Ussa Magtym onuň aýdyp berýän dini meselelerini, aýat-hadyslarynyň birinem sypdyrman ýat tutar eken.
Günleriň birinde Ussa Magtym eşegine azyk-owkat ýükläp, goňşy obada mugallymçylyk edýän oglunyňka ugraýar. Aralyk esli ýol bar eken. Ýoluň orta gürpüne ýetiberende, eşek birdenkä eýesini aýlap, yere urýar-da jyzzynlap gaçyp gidýär. Günortanyň tüp yssysynda ikarada alaçsyz galan Ussa Magtym gyssanjyna “Wah, ýaman ýerde gaý tutd-ow! Seýit işan jan, özüň ýetişäýmeseň bü-ýä uç-gyraksyz meýdanda taşlap gidendir” diýip-diýmänkä, bolan zada haýran galýar. Gaçyp, gözden ýitip barýan eşek, birdenkä hyrra yzyna öwrülýär-de, eýesiniň ýanyna gelip,gulagyny ýapyryp duruberipdir. Muny gören Ussa Magtym Hudaýa köp şükürler edip, ýoluny dowam edýär.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s