Üç ýüz altmyş erenler

Köneürgenç töwereklerinde ýerleşen bu uly zyýarathana hakynda şol ýerde duş gelen, Buhara medreselerini okan ylymly bir ýaşulynyň aýdan rowaýatyna görä, bu ýer Horezmşalar döwründe meşhur medrese bolupdyr. Musulman dünýäsiniň ýetişen uly alymlary belli bir derejä baranlaryndan soň, şu ýere gelip, ylymlaryny artdyrýan ekenler. Bu ýerde üç ýüz altmyş sany pire sapak beren uly öwliýä bolupdyr. Ýylda bir gezek gapysy açylýan bu medresä diňe şol gün synagdan geçip bilen adam girýän eken.
Günleriň birinde ertir namazyndan soň, ussat talyplaryna :
−Kim özüniň ahyrky maksadyna ýetesi gelýän bolsa,galsyn. Eger gidesi gelýän bar bolsa, ýoluňyz açyk, rugsatdyr – diýýär. Ussadyň aýdan hikmetli sözlerine akyl ýetirip bilmedik bäş-on sany talyp çykyp gidýär. Soň görüp oturylsa, şol gün mongollar Ürgenje çozan ekenler. Medresä ýetip gelýän duşmanyň öňünde uly apy-tupan turýar. Hudaýyň gudraty bilen medrese ullakan bir depä öwrülip, içinde galanlaryň hemmesi şehit bolýar. Piriň dogasy kabul bolup, bu keramatly ylym ojagy duşman atlylarynyň toýnaklarynyň aşagynda depelenmekden halas bolýar. Şondan soň bu medresäniň töweregi uly mazarystanlyk bolup gidýär. Häzirki günlere çenli il-gün olaryň hormatyna Alladan dileg edip, sadaka berýärler.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s