Bäbekhananyň işiginde iki ýana zowzuldap ýören Nazar, şepagat uýasynyň “Buşluk! Ogluňyz boldy!” diýen söýünjisine guş bolup uçdy.
Ýogsa näme? Üç gyzdan soň dileg bary edilip ýetilen ogluň bolar-da, begenmezmiň? Bäbegi öýlerine getiren günleriniň ertesi sadakasyny sowan Nazaryň öýüniň märekesi agşamlygam sowulmady. Etrap merkezindäki bankyň kassiri bolup işlän soň, agşamky myhmanlaram kileň işdeşleri, aga-inileri, obanyň sözi geçginli adamlarydy. Ýörite çagyrylyp getirilen şu töweregiň atly aýdymçysy Geldi bagşynyň sesi uly jaýy ýaňlandyryp durdy. Nahar çekilensoň bagşynyň sesi ýatyp, göçgünli sesler, lah-lah gülkiler başlady. Uzyn edilip ýazylan supranyň üstündäki gür edilip goýlan akly-gyzylly “Serdarlar”, “Aşgabatlar”, “Parfiýalar” yzly-yzyna boşap, ýerine täzesi gelýärdi. Her kim diliniň keýpini görüp başlady:
− Aý,Nazar! Ogul ýaşy uzyn bolsun!
−Hudaý berdim diýip bersin!
−Nazar jan! Saçagyň bereketi egsilmesin! Kerwen janyňam yzy tirkeş-tirkeş ogul bolsun!
−Sallançagyň bady ýaymasyn!
Ala-wagyrdy bolup aýdylýan tostlar doldurylyp guýulýan bulgurlaryň jyňňyrdysy bilen goşulyşyp gidýärdi. Keýpler ýetjek derejesine ýetensoň, saçak ýygnalyp, her ýerräge üçden-dörtden ýassyk oklandy. Ortany pelteli onluk çyralar eýeledi. Nazar ýanynda oturan bagşyny dürtdi:
−Geldi bagşy! Indi gezek sendendir. Iň soňky perdeden tutaweri!
Oturanlaram alyp göterdiler:
−Biliňi berk guşaweri bagşy! Uzak gije galman diňlejekdiris.
−Gulaklaryň posuny açaweri bagşy!
Bagşy ilki bir ýapbyldap, soň ýuwaş-ýuwaşdan galyp başlady. Meýlis kemsiz gyzypdy. Çyralaryň daşynda ýaplanyşyp, gezegine sorup, yzynam çaý bilen ýetirýän daýaw pyýadalaryň biri gapdalynda oturan agajet, hor adamyň gulagyna pyşyrdady:
−Agajan, sen Nazaryň ýanyna bar-da aýt:”Munça myhman çagyryp, orta oklaýanyň barjasy şumy?” diý. Üstüni ýetirsin, ýok bolsa-da, gidip gelsin.
−Bolar başlyk,häzir baryp gaýdarys− diýip, ýerinden turan Agajan şofýor Nazary daşaryk alyp çykdy. Nazar:
−Bäh, az boljagyny aňdymam welin, äwmedim-dä. Başlygam aźdarha ýaly bir oturanda esli zady ýuwdaýýar-aý. Seň rul tutmaga ýagdaýyň barmy?
−Aý, bir zat edip gidip-geleris. Ýör.
Ak reňkli “Toýota” uly köçäniň kä o tarapyna, käte beýleki tarapyna entirekläp, ahyry obanyň çetinde oturan uly howlynyň kaşaň derwezesine golaý gelip durdy. Nazar:
−Agajan, seň özüň girip alaýsana! Amaş gaty seni menden has gowy tanaýandyr− diýip, jübüsinden çykaran puluny oňa uzatdy. Agajan derwezäniň jaňyny basandan soň aňyrdan gelen Amaş gaty bilen howla girip gitdi. Birsalymdan soň Agajan öý eýesi bilen daş çykdylar. Amaş gaty:
−Inim,şul-a tüýs sary erik ýaly diýilýändir. Meniň harydymdan ýüzüň utanmaz. Bolýar onda, sag boluň – diýip, elindäki kiçijik paketi Nazaryň eline tutduryp, yzyna öwrüldi. Şol wagtam golaýdaky çatrykdan bärligine bat bilen öwrülen iki sany maşyn derwezäniň deňine gelip saklandy. Atylyp düşen bäş-alty sany ýaş ýigit bularyň daşyny aldylar. Olaryň biri:
−Salawmaleýkim ýaşulylar! Neşekeşlige garşy göreş gullugynyň uly leýtenanty Sähedow! – diýip, resminamasyny çykaryp ögrkezdi. Soňam Amaş gata ýüzlendi:
−Siziň öýüňizi dökmäge ýörite buýruk berildi. Şübhe bildirilýär – diýip, dört sany kömekçisini öý eýesi bilen howla saldy.
Bolýan zatlary hiç akyllaryna sygdyryp bilmän, aňk-taňk bolup duran Nazar bilen Agajanyň ýanyna gelen Sähedow:
−Ýaşulylar, häliden bäri çatrygy saklap synlap durus. Näme alan bolsaňyz çykaryň bärik – diýdi. Nazaryň serhoşlugyndan nam-nyşan galmady. Gyssanjyna sakawlap, ýaýaplap ugrady:
−Inim jan! Hassa ýatan kakam üçin geldim şu gapa. Ýaşuly janyny diňe şu bilen saklansoň, alaçsyz. . . . .
Sähedow onuň al-petinden aldy:
−Agam, näme diýseň diý welin, ýalan bir sözleme. Ikiňizem zordan aýak üstünde dursuňyz. Ýagdaýyňyz maşyn sürüp gelşiňizden bildirip dur. Kän samahyllap durmaň-da, maşynyňyza münüň. – Ol ýanyndaky durana ýüzlendi. – Döwlet! Sen rula geç-de, bulary edara alyp bar. Barşyňa ýanlaryndan çykan harydyň agramyny çek-de, dokumentleşdir. Soragy baramyzsoň sülçi bilen ederis. Me, munam al! – diýip, Nazaryň çykaryp beren paketini uzatdy. Nazar bilen Agajanyň iki bolup ýalbaryp- ýakarmalaryna gulak asmadyk ýaş ýigit Agajanyň maşynynyň yzky gapysyny açyp:
−Ikiňizem münüň. Näme arzyňyz bolsa, edarada diňläris – diýip, rula geçdi. Çalasynlyk bilen yzyna öwrülen maşyn çatrykdan öwrüldi-de, yzynda uly tozan galdyryp gözden ýitdi.
