Daň bilen Hywadan çykan kerweniň ýüzi çöle tarapdy. Gün tamdyrdan täze çykan tegelek nan ýaly bolup, kem-kemden ýokary galyp başlady. Tomsuň jokrama yssysynda ýol alyp başlan adamlaryň sesi ýuwaş-ýuwaşdan peselip, soňabaka diňe düýeleriň boýnundaky jaňlaryň sesi eşidilýärdi. Hanyň salgyt ýygnaýan nökerleri hem bu kerwen bilen goşulyşyp gaýdypdy. Birnäçe günden soň salgytçylar kerwenden aýrylyp, ýüzlerini gum içinde oturan türkmen obalaryna tarap tutdurdylar. Olar ilki gabat gelen çopan goşunda dem-dynç almak üçin düşlediler. Ýaşap ýören çöli ýaly giň göwünli Gulmyrat çopan bulara hezzet-hormat etdi. Semiz goýnuň ýagly gapyrgasyndan garnyny gözän nökerbaşy Mädreýim beg suwly duran taňkany alyp, täretini täzelemäge ugrady. Gulmyrat çopan oňa ýüzlenip:
−Beg, gitseň ýa alyp otur, ýa-da alarlap! Ýogsa ýörişiň gaza meňzär – diýdi. Hiç zada düşünmedik beg ilki kürtdürip durdy. Soňra-da, çatmadan asylgy duran orsuň bäşatar tüpeňini egninden asyp, daş-töweregine garanjaklap, golaýdaky depä garşy ugrady. Muny synlap duran Gulmyrat çopan köpmanyly ýylgyrdy…
…Han köşgünde ýygnanan salgytlaryň birin-birin hasabyny geçip, hazynadara tabşyran Mädreýim beg uludan demini aldy. Eden saparyndan göwnüniň hoşdugy onuň boldumly tegelek ýüzi, oýnaklaýan gyýyk gözleri mese-mälim aýdyp durdy. Ol bu gün Hywanyň belli ýomut baýlarynyň biri Nyýazmet baýyň zyýapatyna çagyrylypdy. Mädreýim beg toýda otyrka, näçe günden bäri böwrüniň sanjysy ýaly bolup duran Gulmyrat çopanyň şol aýdan sözleri güpbe ýadyna düşdi. Ol ara düşen bir böwşeňlikde çemini tapyp, Nyýazmet baýdan soran wagty, diňläp oturan baý myssa ýylgyrdy:
−Ýeri, çopan şeý diýende sen näme etdiň?
−Ilki düşünmedim. Soňam “töwerek garakçy, talaňçydan doludyr, ýaragyňy ýanyňa alyp otur “ diýýändir öýdüp, tüpeňimi alyp gitdim.
Muny eşiden baý loh-lohlap, hezil edip güldi:
−Beg aga, bolsa-da çopan seni bejeripdir. Ol saňa “tärete gitseň ýa kesek alyp git, ýa-da kesekliräk ýeri peýläp otur” diýipdir. Bolmanda-da, şeýtmeseň, soňundan ýörişiň gaza meňzär-dä.