Daň bilen sagat 05:00. Anna taksistiň turýan wagty. Turar-da, ilki bilen “atyny” görer, soňam namaza turan atasyny. Maşynyň ýagyna suwuna sereder-de, otlar. Gyzýança-da, birki sany kökäni çaýa basyp iýer-de, “ Hudaý jan! Şu gün bir ugruna edeweri!” diýip, ýola çykar.
Köneje “Žigulisinde” oba bilen etrap arasynda gatnaýardy. Ol obanyň merkezi köçesiniň ugrundaky duralganyň deňine gelip durdy. Gündelik irräk ýola çykyp, işe gatnaýan oglanlaryň biri gelip mündi:
−Salawmaleýkim Anna!
−Waleýkim inim! Raýonamy?
−Howwa, ugrajakmy?
−Dolsam, gitjek.
Ýoluň ugrundaky duranlaram alyp, etraba bardy. Bazaryň ýany taksi duralgady. ”Täze durmuş” bilen “Hasyl” obalaryna gidýän taksiler şu ýerde durýardylar. Sebäbi bu obalar etraba gelýän uly ýoluň ýakasynda ýanaşyk oturýardylar. Anna-da getiren adamlaryny duralgada düşürmäge durdy. Olaryňam berýän pullary ownuk bolsa ne ýagşy, içinde biri täze çykan “50”ligi uzadanda, Annanyň işi gaýtdy.
− Anna, şuny böläýmeseň, başga ownuk pul ýok.
Annanyň sepi açyldy:
−Inim, hol dükana bar-da, böldüräýsene. Mende-de üýtgeşik zat ýok.
Müşderi aýlanyp-dolanyp, ownuk pul tapman geldi:
−Anna, daň bilen dükanlaryň bary ýapyk. Ýene bir duşsaň bererin-dä. Gaçyp gitjek ýerim ýok.
−Indiki gezekde berseňem bolar-la.
Keýpi gaçan Anna üýşüp duran kireýkeşleriň ýanlaryna baryp, saglyk-amanlyk soraşan soň, nobat bellemek üçin:
−Soňy kim?− diýip sorady. Aňyrrakda maşynynyň aýnasyny süpürip duran ýaş ýigdekçe gygyrdy:
−Men,men. Iň soňy men geldim.
Nobaty ýetýänçä, gün guşluk boldy. Sebäbi ir bilen oba gitjek bolýan ýok. Her kim yzyna bazarlyk işini bitirip gaýdýar. Onýança-da, oba arasyna gatnaýan täzäje “PAZ” awtobuslarynyň biri duralga geldi. Ony görüp, öňem gyssanyp duran Annanyň jany ýandy:
−Wah! Öň gül ýaly günümiz bardy. Ýöne şu soňky gelen “PAZ”-ikler hemme zadyň işini gördüler. Awtobuslar-a, köne puldan iki müň manat, kiçi maşynlaram üç müň manat. Galyň görgüli mundan öň garagy akan ýaly kiçi maşynda gatnap ýörendir welin, awtobus geleni bäri müň manadynam tygşytlap, taksa münmedik bolýar. Onsoň, nätjek, awtobusyň agzyndan galanyny çöpläp ýörmeli bolduk.
Ol öňündäki duran maşynlary sanap gördi:
−Baý-ba! Gezegim ýetýänçä günorta boljak. Bärde irikgä bolup durandan bir tarapyňa gatnanyňam gowudyr. Bu wagt obadan bärik gaýtjak kändir. Gidişinem ýol ugurda birki adam gabat gelmezmikä? – diýen umyt bilen oba tarap ýola düşdi. Bazaryň deňesinden geçiberende ätiýaç şaýlar dükanyndan çykan obadaşy Gurban oňa elini galdyrdy. Ol esli wagtdan bäri täze alan maşyny bilen Aşgabada gatnaýardy.
−Gurban, hany bedew? Pyýada görünýäňle?
−Düýn gelýärkäm, Garahanyň deňinde ahmal galypdyryn-da. Bir tekerim çukura düşüp, amortizatoryny döküpdir. Şony çalşyp, täzesini goýaýmasak.
−Nähili, bu günler kireý ýagşymy?
−Hudaýa şükür. Ýaltanmasaň günde bir gezek gidip-gelip bolýar. Aý, Aşgabadyň içem erbet däl welin, maşyn gaty köp. Onsoň uzagara gatnanymy gowy görýän.
Anna uly ýoluň ugrunda biriniň el galdyryp duranyny görüp, tizligini artdyrdy. Emma yzyndan gelýän akja “Awalon” Annany duran ýaly edip gapdalyndan geçdi-de, onuň peýläp gelýän “awuny” kakdy. Gahary gelen Annanyň agzyndan ýalyn çykdy:
−Bäh, adamlaram pul diýip öljeg-ow. Agzyňdakyny kakyp aljak bolup durlar-aý. Şony alman geçeniň bilen aç gatap galarsyň-ow.
Ony synlap oturan Gurban hezil edip güldi:
−Münýäniň şu maşyn bolsa, entek köp zatdan galarsyň Annam. Uly il könesini çalşyp, täzeläp ýörler. Bu ýerde müň manatdan çöpläp ýörenden bu maşynyňy sat-da, “Kemri” ýa-da “Awalon” alsana-how. Şu wagt dagy Mara barsaň, garaşybam berýärler. Şolardan birini al-da, gel biziň ýanymyza. Nobata durmaly däl, alanyň özüňki. Günde bir gezejik gidip-gelibilseň, bärde işläniň üç essesini gazanyp bolýar.
Gurbanyň bu gürrüňlerine Annanyň işdäsi oýandy:
−Dogrudanam, gözümi ýumup täzeläýin-le şuny. Soňunam Hudaý ýetir-dä.
Aradan kän wagt geçmänkä, Anna kireýkeş Aşgabada gidilýän duralgada ýaşyl reňkli “Awalonyň” aýnasyny süpürip durdy.
