“Agajyň kölegesi”

Hanefi mezhebiniň düýbini tutan Hezreti Ymam Agzam Nygman bin Sabit (r. a) mezhepbaşy bolmanka döwletli, uly söwdagärdi. Şol wagtlar bir adam ondan karz pul alyp, wagty bilen getirmändir. Bir gün Hezreti Ymam Agzam algydarynyň gapysyny kakýar. Daş çykan öý eýesine sypaýyçylyk bilen ýatladan soň, öý eýesi ondan ötünç sorap, biraz garaşmagyny haýyş edýär-de, pul almak üçin yzyna girýär. Hezreti Ymam Agzam günüň jokrama yssysynda garader bolup garaşyp durka, köçeden geçip barýan tanşy ony görüp:
−Eý Nygman! Günüň aşagynda ýanjak bolup durandan, aňry ýanyňdaky agajyň kölegesine geçseň bolmaýarmy?
−Eý dostum! Şu öýden meniň az-owlak algym bar. Eger öý eýesi daş çykýança, onuň agajynyň kölegesinde otursam, şol kölege puluň üstünden görlen göterim bolarmyka öýdüp gorkýaryn.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s