Galyň

Gün ikindi ýerine golaýlapdy. Meret aganyň howlusynyň jemendesi köpelip başlady. Bularyň köpüsi aýal-ebtat bilen çaga-çugady. Bu gün Mürçe aga ýakynda gullukdan gelen körpe ogly Bagtyýar üçin guda bolan ýerine galyň geçirýärdi. Ogul-gyz, dogan-garyndaş, goňşy- golam üýşdi. Dursun daýza bolsa zadyny tükelläp, ber-başagaýdy. Ol hemme zadyny tükelläp, ownuk-uşak matalaryny, gyňaçlaryny täzeje dikinen ak mütgel haltasyna salyp, agzyny bogdy-da, ýanynda oturan çykan gyzyna ýüzlendi:
−Ind-ä boluşdy öýdýän. Gülnar jan! Bar gyzym kakaňa “Goýunlaryňy güýl-de, maşyna atyberiň” diýip aýt. Bolansoň, oglanlaram alyp gelsin. Maşgala bolup, üýşüp toý gutlalyň-da, ýöräliň. Surata alýan oglana-da “gel” diý bäri – diýip, oturanlara serenjam berip başlady .

− Hany, aýallar, çagalar, bir ýerräge geçiň. Erkek adamlara oturmaga bir tarapy boşadyň. Häzir aksakalymyz gelip, toý gutlap, dileg-doga edip çykansoň, sizem surata düşüp gürläň.
Meret aga ogullaryny, inilerini üýşürip alyp geldi. Ol wideo kamerada surata alyp ýören ýigidiň öňünde oturyp, toý üçin ýagşy niýetler etdi. Soň beýleki oturanlaram gezekli-gezegine ýaşlaryň bagtly bolmagyny arzuw edensoňlar, Dursun daýza:
−Hany, boluň indi! Kän eglenmäliň. Gün ýaşmanka gudalara baralyň – diýip, gyssanyp ugrady. Ýaş gyz- gelinler zatlary garaşyp duran awtobusa daşadylar. Hemme kişi münensoň, üç-dört sany maşyn bolup tirkeşip, goňşy oba tarap ugradylar.
Gudalar bulary güler ýüz bilen garşy aldylar. Zatlar düşürilip, uzyn ýazylan supranyň başynda jaýlaşylansoň, nahar çekildi. Iýlip-içilip, saçak ýygnalansoň Dursun daýza beýlesinde duran mütgel haltany ýanynda oturan gudasunyň eltisiniň öňüne süýşürdi. Ol:
−Waý, biziň-ä elimiz agyrýar. Açmaga ýaramok – diýip, halymsyrady. Köp çarşenbäni başdan geçiren Dursun eje ýanyndaky sumkasyndan çykaran “ellilik” matany onuň üstüne oklady:
−Al keýgim, eliň agyrýan bolsa. Näziňi çekdirme-de, açyber.
Onýança-da, dik duranlaryň biri çyrany öçürip:
−Serpik ýapana –diýip, gygyrdy. Oňa-da bir halat oklandy. Çyra täzeden ýakylyp, galyň okalyp başlandy:
−Uzyn pul—ýigrimi million!
−Gyzyllary! Elli gramlyk “kardinal” zynjyr! Otuz gramlyk tumar! “Lodka” ýüzük! Komplekt “Fantaziýa” ýüzük-gulakhalka!
−Pommahlar—alty sany!
−Gyňaçlar—alty sany!
Yzyndanam uzyn matalar, telewizor, saz merkezi, antenna, sandyk, tikin maşyny. . . . . . . . şol geçdi durdy, geçdi durdy. Hemme zat saýpallaşandan soň toýuň sähedini bellemäge duranlarynda, gudalaryň arasynda uly gowur turdy. Dursun daýza öz bellän sähedini oňlajak bolýar, guda ýeriň aýallaram razy bolman şol ýer depip durlar:
−Gyýw, daýza! Bizem tikinmeli, çatynmaly. Toýa taýýarlyk görmeli. Gyzyň şaý-sepiniň, kürtesiniň prokadyna nobat bellemeli. Diýýän sähediňe on günem ýokla? Nämä gyssanýaň?
Dursun daýza ýeň bermedi:
−Beý bir diýmäweri keýgim! Oglum şol güne gabatlap, teleşke-bagşysyny, ystolyny-widesini, bar zadyny görüp goýupdyr. Bagşyň dagy pulam geçirilen. Öňünden bermeseň gelenokmyşlar.
−Daýza! Näme diýseňem biz-ä razy däl şol sähede. Ogluňa-da, gören bagşysyna “ýene bir hepde aňry süýşir” diýip aýdarsyň-da.
Bularyň gowruna beýleki jaýda oturan erkek gudalaram çykdy. Meret aganyňam eden töwellasyny gyz ýeri kabul etmedi. Şondan soň Dursun daýzanyň keýpi gaçyp, kän ugry bolman, gaýtmak bilen boldy. Ol ýolda agyr pikire çümüp gelşine, ogluny gudalaryň bellän soňky sähedine razy etmegiň alajyny agtarýardy.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s