Ynam

Hezreti şeýh Muhammed Osman Syrajeddin Nagyşbendiniň (k. s) Eýranda ýaşaýan iki sany sopusy maşynly Türkiýä piriňkä zyýarata ugraýarlar. Haçan-da olar ýollaryny kesip geçýän derýadan geçjek bolanlarynda, suwuň joşup, köprüniň üstünden akyp ýatanyny görýärler. Alaçsyz maşynlaryny goýup, pyýada köprüden geçen zyýaratçylar derýanyň aňry ýüzünde kioskda oturan nurana ýüzli adama gabat gelýärler. Ol adam bulara habar gatdy:
−Ýoluňyz ak bolsun! Nirä ugradyňyz?
− Hezreti şeýhiňkä barýarys. Maşynymyzy aňry ýüzünde goýduk welin, dolanyp gelýänçäk göz-gulak bolar ýaly adam ýokmyka?
−Maşynyňyzy alyp gitseňiz has gowy bolardy.
−Nädip alyp gitjek? Geçer ýaly däl ahyry. Suwuň akymy güýçli.
−“Töwekgeliň işini Taňry oňar” doganlar. Piriňize sygynyň-da, geçiberiň. Hiç alada etmäň.
Bularyň haýalçyranyny gören gazetçi jibrindi:
−Hany siziň öz piriňize bolan ynamyňyz? Eger kalbyňyz bilen ynansadyňyz, beýle bolmazdy. Maşynyň açaryny maňa ber, Allanyň izni bilen geçirip bereýin.
Zyýaratçylar esli wagtlap derýa seredip, ýaýdanyp durdylar. Maşynyň eýesi elini açarly jübüsine kä sokup, kä-te çykarýardy. Ahyry ýüregini bire baglap, açary gazetçiniň eline tutdurdy.
Maşyny otlap, köprüniň gyrasyna gelen gazetçiniň özi hem hezreti şeýhiň sopularyndandy. Ol suwa girmänkä ellerini galdyryp, doga etdi. Yzyndanam :
−Ýa pirim! Şu iki sany talybyň seniň huzuryňa zyýarata barýar. Mübärek keramatyň bilen olary ýolundan goýmaweri! – diýip,sygyndy-da, güýçli akyp ýatan suwa urduryp girdi. Köpriniň aňry ýüzünde garaşyp duran myhmanlaryň ýürekleri agzyna geldi. Emma olar bir-ä maşynyň suwa girenini, birem ýanlaryna gelip, tormozyny jygyldadyp duranyny görüp galdylar. Maşynyň bolsa, diňe tekerlerinde öl bardy. . . . .

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s