Osmanly döwletiniň ahyrlarynda ýaşan alymlaryň biri bolan Hüsrew mugallym synpda sapak berýän eken. Näme üçindir şol gün ýöne onuň ýüzi hemişekisinden gussaly görünýärdi. Muny duýan talyplary ondan sebäbini soraýarlar:
– Hezret, bu gün ýüzüňiz salyk görünýär, eýglikdir hernä?
Halypa mugallym şonda talyplara garap, şeýle diýýär:
– Bagyşlaň, talyplar, halymy size duýdurasym gelmändi. Öýden çykmazdan öň kiçi gyzym dünýeden gaýtdy. Şonuň aladasy bilen başagaý bolup ýörşüme, bu günki sapagymy unudaýypdyryn. Onsoň «Allatagalanyň öňünde näme jogap bererin?!» diýip, howlukmaç çykyp gaýtdym. Gelmesine geldimem welin, gyzymyň ölümem aklymdan çykaýanok. Bu gamgyn halymyň sebäbi şol. Şonuň üçin meni bagyşlaň!
* * *
Olar soňsuzlyga sary barýan kerweniň bir halkasy. Adamzat jemgyýeti diňe şeýle mugallymlar saýasynda jan tapyp, mätäçlik çekýän bagtyýarlygyna täzeden gowuşsa gerek.
