“Ýetişeweri Ak işan atam”

Kowgudan gaçyp gelýän Nepes daglygyň içinde azaşyp, ugruny ýitiripdi. Ýaňy atyp barýan daňyň ümüş-tamşynda ýol-ýodasyny saýgarman, şol sürüp gidip otyrdy. Ahyrynda-da, uçut gaýanyň gyrasyna baryp diredi. Ol yzyna seretdi. Kowgyçylar daş-töweregini gabap, yakynlap gelýärdi, öňünde bolsa, düýpsiz bolup görünýän garaňkylyk bardy. Ilki bir ýaýdanyp duran Nepesiň gözüniň öňünde iki ýyllap kürtleriň içinde elleri, aýagy zynjyrly ýesirlikde geçiren günleri janlandy. ”Ýene şol nälet siňenleriň ellerine düşenimden, ölenimem gowudyr. ” Ol ýüregini daşa baglady:
−Ýa Alla! Owwalynda-ahyrynda sensiň! Ýoluňa bir semiz goýun! Galyberse-de, ýetişeweri, Ak işan atam!− diýip, gamçysyny atyň sagrysyna bat bilen inderdi. Gaýadan uçan bedew ýere düşende ilki bir agsajak ýaly etse-se, soň ýuwaş-ýuwaşdan ýöräp gitdi. Nepesiň töwekgelligine haýran galan duşmanlar,ony kowjagam bolmadylar.
Aradan esli wagt geçipdi. Bu wakadan soň Nepes gyssanandaky janlysyny bermän, bu gün-ertä goýup ýördi. Günleriň birinde onuň ýoly Ak işanyň oturýan obasynyň üstünden düşdi. Ýuwaşlyk bilen obanyň içinden sürüp barýarka, öýüniň ýeňsesinde gyşyň kyrk çillesinde derläp täret alyp oturan işan aga gözi düşdi. Nepesiň edep bilen beren salamyny alan Ak işan:
−Oglum! Şol araky aýdan janlyňy öz obaňdaky çül çagaly dul maşgala eltip beräýgin – diýip-diýmänkä, Nepes ylgap gelip, onuň eline saraldy:
−Toba etdim işan aga! Geçeweri günämi! Şu wagta çenli geleňsizlik edip, bermän gezdim – diýip, müýnli başyny aşak saldy. Ony öýe salan işan aga arkasyny açyp görkezende, atyň dört toýnagynyň yzy mese-mälim bildirip durdy.
−Oglum! Indi çagyraňda öňräginden maý bereweri! Şonda meni gaty kyn güne goýduň. Beýle gyssanmagyn−diýip, oňa öwüt-nesihat berip, ýola salyp göýberdi.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s